Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de berk bedenli, sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem çagalaryň dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumagylyç Pirmuhammedowiç Jumagylyjowy “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda bu bankyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annageldi Baýramdurdyýewiç Saparow senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Merkezi Aziýa döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek, bu babatda öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem nebit önümlerini daşary ýurt bazarlaryna bökdençsiz ibermegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy bilen şertnamany gämi duralgasyny 30 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edip, tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atageldi Nepesowiç Bäşimow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçiň üstüne ýüklenildi.