Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we 1946-njy ýylda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakyndaky Konwensiýasyna laýyklykda, bu guramanyň işgärleriniň Türkmenistana gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny dünýä giňden ýaýmak, Aşgabadyň ýurdumyzyň baş syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologiki ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň ylym-bilim hem-de medeni merkezi bolup, dünýäniň öňdebaryjy we ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun alýandygyny halkara jemgyýetçiligine açyp görkezmek, baş şäherimiziň geçen taryhy ösüş ýolunyň özboluşlylygyny wagyz etmek hem-de häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň dünýä nusga alarlyk bolup durýandygyny äşgär etmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Hukuk namalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwançmyrat Orazmyradowiç Ýazmyradow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
Saparmyrat Aşyrowiç Gylyjowy Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Durdyýew Arslan Atageldiýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nazarowa Sona Ýagmurowna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesine bellenildi.