06.03
2017
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de ýükleri daşamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine 100 sany açyk görnüşli wagonlary zawod şertlerinde sement daşaýan ýük wagonlaryna öwrüp, olaryň ulanyş möhletini uzaltmak barada Özbegistan Respublikasynyň “Andižan mehanika zawody” kärhanasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
04.03
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdanguly Magtymgulyýewiç Päliwanow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
03.03
2017
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 15080-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
03.03
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ata Öweznepesowiç Serdarow şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany wezipesine bellenildi.
24.02
2017
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji we 6-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümi tassyklanyldy.
23.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä belledi.
18.02
2017
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dynç günilni geçirmek hakynda
18.02
2017
Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasaty ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak” hakynda Karara gol çekdi.
16.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 69-njy mejlisine hem-de VIII Gyşky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak we bu Oýunlaryň guramaçylygy bilen ýerinde tanyşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2017-nji ýylyň 17-28-nji fewraly aralygynda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
15.02
2017
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.