Resmi
25.08 2015
Şu Kanun döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepilliklerini belleýär.
25.08 2015
Şu Kanun şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär hem-de adamyň talaba laýyk ýaşaýyş we durmuş gurşawynyň emele getirilmegine, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegine gönükdirilendir.
21.08 2015
Türkmenistanyň ilatynyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talaba laýyk kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünleri tassyklanyldy.
20.08 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň 2015-nji ýylyň 19-20-nji awgustynda Türkmenistana resmi sapary boldy.
18.08 2015
Türkmenstanyň Mejlisi “Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”, “Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awstriýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda” Kararlary kabul etdi.
14.08 2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Rejepowiç Artykow Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Owganystan Yslam Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany wezipesine bellenildi.
10.08 2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
04.08 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň doganlyk owgan halkyna saglygy goraýşy ösdürmekde ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde guruljak 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 5-nji awgustynda Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.
31.07 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
29.07 2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
154 sahypa
Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara