Resmi
09.12 2024

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

09.12 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge, Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.

09.12 2024

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda Karara gol çekdi.

07.12 2024

Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

06.12 2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri häzirki wagtda ähli görkezijiler babatda nusgalykdyr.

04.12 2024

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, 1-nji derejeli ýurist Annageldi Akmämmedowiç Magtymow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

30.11 2024

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 119 007 580,6 müň manat we çykdajylar boýunça 116 223 771,4 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigini tassyklamaly.

28.11 2024

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

26.11 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

24.11 2024

Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.


134 sahypa
Soňky habarlar
04.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
04.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
04.11
Watanymyzyň ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
03.11
Awazada halkara forum geçirilýär
03.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine