Resmi
04.09 2023

Nuryýew Rejepmämmet Rejepalyýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

04.09 2023

Didar Annamämmedowiç Meredowy Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

04.09 2023

Bazarbaý Gökleňowiç Gylyjowy, pensiýa gitmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

04.09 2023

Şyhmyrat Esenowiç Annaýewi Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

04.09 2023

Geldimyrat Taganmyradowiç Muhammedowy Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

01.09 2023

Azat Gadamowiç Jepbarowy, başga işe geçmegi sebäpli, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatmaly.


31.08 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň, şol sanda 4 gatly 6 sany 32 öýli, 4 sany 40 öýli we 2 sany 60 öýli ýaşaýyş jaýynyň, 1 sany 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 1 sany 120 orunlyk çagalar bagynyň, 1 sany söwda we dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy bilen şertnamany, ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

31.08 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

31.08 2023

Merdan Täjimowiç Rozyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.

31.08 2023

Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemeli.

149 sahypa
Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy