Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagyny ösdürmek, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernini zerur bolan himiki serişdeler, katalizatorlar we keramiki şarlar bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak hem-de suw gorlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:
Orazgeldiýew Esenmyrady, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin: