Resmi
02.04 2022

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2022-nji ýylyň 2-nji aprelinde bolup geçen on ýedinji maslahatynda Adalatçyny saýlamak boýunça geçirilen gizlin ses bermegiň netijeleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:


31.03 2022

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

28.03 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we “Owganystanyň goňşy ýurtlary + Owganystan” dialogynyň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

25.03 2022

Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

24.03 2022

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

19.03 2022

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 92-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli düzümde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrmagy kabul edildi. Ygtyýarlyklaryny tabşyran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülýänçä, öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmäge borçly edildi.

12.03 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» 

10.03 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagaty pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň enjamlary satyn almagy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda çykaran 1969-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda çykaran 1969-njy Kararyna laýyklykda, Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda dörediljek, düýe ýüňüni we geçi çöpürini egrip, ýylda 130 tonna ýüň ýüplügi öndürýän önümçilik hem-de Daşoguz pagta egirme fabriginde dörediljek nah we ýüň galyndylaryny, gamşy hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan agaç we bölüji serişdeleriň ýylda 7200 tonnasyny öndürýän önümçilik üçin häzirki zaman enjamlaryny, olary Türkmenistana getirmek, ýerinde gurnamak hem-de sazlamak bilen bagly ähli işleri geçirmek şerti bilen satyn almak barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Italiýa Respublikasynyň “Cormatex Srl.” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyny maliýeleşdirmek üçin Italiýa Respublikasynyň “Intesa Sanpaolo S.p.A.” bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna tassyklanan akkreditiwi açmaga hem-de ony resmileşdirmek we dolandyrmak bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

09.03 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen suratkeşlerini döwlet tarapyndan goldamak, olaryň işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň hasabynda duran, Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 10-njy salgysynda ýerleşýän binany Suratkeşler birleşigine bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.


09.03 2022

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna Goturdepe nebitgaz ýatagynda şol şertnama laýyklykda iş alnyp barylýan nebit guýulary bilen bilelikde 550-den az bolmadyk nebit guýularynda elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.


134 sahypa
Soňky habarlar
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady