Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Agzybirligiň we jebisligiň nyşany bolan bu baýramyň ähli adamzada parahatçylyk, asudalyk getirmegini arzuw edýärin.
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siz köp ýyllaryň dowamynda Watanyňyza hyzmat edip gelýärsiňiz. Siziň parasatly syýasatyňyz netijesinde, Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkara abraýyny yzygiderli pugtalandyrýar.
Sizi mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mübärek baýramyň adamzada parahatçylyk we asudalyk getirmegini arzuw edýärin. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow haj däp-dessurlaryny amala aşyryp, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň halkyna Kanadanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň şu gün geçirilen duşuşygy şanly waka — täze Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlandy.
Şu gün ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi.