Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatyny kabul etdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen Sammitindäki çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Maslahatyny döretmegi teklip etdi.
Şu gün Jidde şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki Sammiti öz işine başlady.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady.
Şu gün paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.