05.09
2020
Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bilen söwda wekili Ş. Batyrow Hytaýyň hyzmatlar söwdasy -2020 halkara ýarmarkasynyň (CIFTIS-2020) meýdançasynda geçirilen Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşmaga çakylyk syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasyndan (WTCF) gelip gowuşdy, Aşgabat şu ýylyň maý aýynda bu gurama agza boldy.
03.09
2020
Türkmen paýtagtynda ÝHHG-nyň guramagynda «Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) azgalygyň hukuklarynyň we borçlarynyň deňagramlylygy» temasyndan üç günlük onlaýn-seminar öz işine başlady.
02.09
2020
2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
29.08
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
28.08
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetinde iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sebitlerine, obasenagat, maliýe-ykdysady, nebitgaz, ulag, söwda we dokma toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerler hem-de welaýatlaryň häkimleri, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gatnaşdylar.
25.08
2020
Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär.
24.08
2020
Şu gün Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar.
23.08
2020
Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Halkbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan “Halkbank terminal” atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam goşundysyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat hödürlenildi.
22.08
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
20.08
2020
Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilimlere we innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.