Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ahmet Atajanow – “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy
Medeniýet
Ahmet Atajanow – “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy
Çap edildi 20.12.2017
3125

Paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde ýaşlaryň arasynda geçirilýän “2017-nji ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zehinli aýdymçylar gatnaşdylar. Döredijik bäsleşiginiň ýeňijileri köpsanly teletoimaşaçylaryň, radiodiňleýjileriň we ýörite emin agzalarynyň toparynyň beren seslerine laýyklykda kesgitlendi. Onuň düzüminde ýurdumyzyň saz we sahna ussatlary, estrada aýdymçylary we medeniýet işgärleri bar. Bu çäre ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy. “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi köp ýyllardan bäri ýaş ýerine ýetirijier üçin öz ussatlyklaryny artdyrmakda, Türkmenistanyň saz medeniýetiniň ösimegine goşant goşmakda özboluşly binýat bolup durýar. Bäsleşigiň birinji tapgyry obalaryň, şäherleriň, etraplaryň hem-de welaýatlaryň çäklerinde bar bolan zehinli ýaşlaryň arasyndan ýaş ýerine ýetirijileriň arasyndan bäsleşigi guraýjylar has tapawutlananlary seçip aldylar. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda ýaş ýerine ýetirijiler “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň sazly gepleşiklerinde giň tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldular. Olaryň ussatlygy SMS habarnamalaryň üsti bilen kesgitlendi. Maslahatlar köşgüniň Täze ýyl arçasy bilen bezelen sahnasynada zehinli ýaşlar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň çykyşyna tomaşa edýänler ýaşlaryň mümkinçilikleri netijeli peýdalanyşlaryna we ussatlyklaryna baha berdiler. Şeýle hem bu ýerde guralan medeni çärä ýurdumyzyň tejribeli medeniýet işgärleri, artistler, aýdymçylar, kompozitorlar, şahyrlar we sazanadalar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda şeýle bäsleşigiň ozalky ýyllarda geçirilen tapgyrlarynyň ýeňijileri bar. Olaryň hemmesi, tomaşaçylar we emin agzalary aýdym-sazlary diňläp, 2017-nji ýylyň estrada ýyldyzy diýlip atlandyrylmaga hukuk gazanmak ugrunda yhlas edýän ýaşlara öz seslerini berdiler. Bäsleşigiň esasy şertleriniň biri muňa gatnaşýanlar iki aýdymy ýerine ýetirmeli. Olaryň biri sazsyz aýdylmaly. Sahnada ozal belli bolan we köpleriň ýadynda galan aýdymlar ýerine ýetirildi. Bäsleşik özboluşly döredijilik ýagdaýynda geçdi. Ol Täze ýyl baýramçlygynyň öňüsyrasynda geçirilýän däp bolan bäsleşige özboluşly öwüşgin çaýdy. Her çykyşyň ahyrynda döredijilik bäsleşiginiň emin agzalary özlerinde galan täsirler boýunça pikir alyşdylar we oňa gatnaşýanlara degerli maslahatlary berdiler. Şol bir wagtyň özünde bolsa saz sungatynyň tehniki aýratynlyklaryna, syrlaryna giňişleýin düşünje berdiler. Bellenen şertler boýunça ýerine ýetirilen çykyşlar tamamlanandan soň, ses sanamak çäresi başlendy. Onuň netijeleri boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen hormatly derejä ýaş ýerine ýetiriji Ahmet Atajanow mynasyp boldy. Gran-pri baýragyndan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutulandyr, bu orunlara degişlilikde Azat Dönmezow, Leýli Ökdirowa hem-de Döwlet Amanlykow mynasyp boldular.

Soňky habarlar
21.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
20.08
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
20.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň KARARY
20.08
Ýaşulularyň baý durmuş tejribesi — jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň esasy
top-arrow