Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 10 ýyllyk şanly senesini bellemäge taýýarlyk görýär
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 10 ýyllyk şanly senesini bellemäge taýýarlyk görýär
Çap edildi 09.03.2018
2517

17-18-nji martda geçiriljek sergi hem-de maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanar. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişde TSTB-nyň senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlarynda işleýän agzalary gazanan üstünliklerini görkezerler. Hususy ulgamy ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde tutuş ýurdumyzda häzirki zaman önümçilikleri döredildi we olar üstünlikli işleýär. Bu kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýar. TSTB-nyň agzalarynyň maslahatynda 10 ýylda birleşmäniň alyp baran işleriniň netijeleri jemleniler, geljek üçin wezipelere garalar, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen hususy ulgamda öňde goýlan maksatlara ýetmek baradaky çäreler belleniler.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
top-arrow