Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
DHÇMB söwdalarynda ABŞ-nyň 85 million dollaryna barabar geleşikler baglaşyldy
Ykdysadyýet
DHÇMB söwdalarynda ABŞ-nyň 85 million dollaryna barabar geleşikler baglaşyldy
Çap edildi 17.03.2018
2268

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 104-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, russiýaly, BAE-li, türkiýeli, pakistanly, owganystanly, ermenistanly, gyrgyzystanly telekeçiler daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplük, şeýle hem awtoulag serişdelerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 84 million 907 müň dollaryndan gowrak boldy. Russiýanyň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 13 million 172 müň manatdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 13 müň manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
top-arrow