Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­myn­da Türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy
Ykdysadyýet
Yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­myn­da Türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy
Çap edildi 03.05.2018
2738

Şu gün paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da ýur­du­my­zyň Yk­dy­sa­dy­ýet we ma­li­ýe mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Yk­dy­sa­dy­ýet we ener­ge­ti­ka fe­de­ral mi­nistr­li­gi hem-de Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ger­man jem­gy­ýe­ti­niň se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­sy bi­len bi­le­lik­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň do­lan­dy­ryş iş­gär­le­ri­ni taý­ýar­la­mak mak­sat­na­ma­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan fo­rum ge­çi­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de mas­la­hat­lar we ge­ňeş­me­ler bol­dy. Du­şu­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň, GFR-iň il­çi­ha­na­sy­nyň, dür­li hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, ýer­li önüm ön­dü­ri­ji­ler gat­naş­dy­lar. Türk­men-ger­man söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ber­ki­dil­me­gi­ni üp­jün ed­ýän türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin do­lan­dy­ry­jy iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sat­na­ma­sy her ýyl­da döw­let eda­ra­la­ry­nyň we te­le­ke­çi­le­riň on­lar­ça­sy­nyň hü­när de­re­je­le­ri­ni hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, türk­men we ne­mes hu­su­sy kär­ha­na­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň tej­ri­be­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň in­te­rak­tiw tej­ri­be okuw­la­ry­nyň do­wa­myn­da ne­mes işe­wür me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry öw­re­nil­ýär. Işe­wür­li­gi do­lan­dyr­ma­gyň we gep­le­şik­le­ri alyp bar­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry öz­leş­di­ril­ýär. Çy­kyş eden­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça sy­ýa­sa­ty­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­me­giň, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­çi­li­giň we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly tä­ze pu­dak­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ni na­zar­la­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men-ger­man bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy he­re­ket ed­ýän on ýy­ly­nyň do­wa­myn­da döw­rüň sy­na­gyn­dan ge­çip, iki dost­luk­ly ýur­duň döw­let eda­ra­la­ry­nyň we hu­su­sy dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni äş­gär et­di. Bu fo­ru­myň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, oňa gat­na­şy­jy­lar ne­mes hyz­mat­daş­la­ry bi­len öza­ra gat­na­şyk bo­ýun­ça oňyn tej­ri­be top­lan bir­nä­çe kär­ha­na­lar­da bo­lar­lar.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
top-arrow