Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy
Ykdysadyýet
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy
Çap edildi 12.05.2018
1767

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-li we türkiýeli işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzine, şeýle hem tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Owganystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna tikin pamygyny, agardylan pagta süýümini, reňksiz aýnany, portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 110 million 510 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2 million 172 müň manatlykdan gowrak möçberde arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlginiň kärhanalarynda öndürilen önümleri satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
top-arrow