Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Medeniýet
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Çap edildi 27.06.2018
2380

Mähriban watandaşlar! Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda uly üstünliklere beslenýän giň möçberli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň kämil belentliklerine göterilýär. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň has-da kämilleşmegi, täze eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Gözel Diýarymyzda döwlet derejesinde bellenýän şanly seneler, milli baýramçylyklar, halkara çäreler medeniýet ulgamyny uly rowaçlyklara besleýär. Şu ýyl Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny, milli gymmatlyklarymyzy kämilleşdirmäge we dünýä tanatmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! Ýurdumyzda giňden bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni şu ýyl aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe akyldar şahyrymyzyň asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary hasyl bolup, agzybir halkymyz bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýar. Bu gün Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne goşgulary watançylygyň, ynsanperwerligiň we döwletliligiň waspyna öwrülip, dünýä dillerinde belent ýaňlanýar. Eziz Watanymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýurdumyzyň ähli medeniýet we sungat işgärleriniň ruhy halypasydyr. Pyragynyň paýhasy ähli döredijilik işgärleri üçin nusgalyk mekdepdir. Garaşsyz ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda ýetilen belent sepgitlerde Magtymguly Pyragynyň döredijilik mekdebinden ylham alýan medeniýet we sungat işgärleriniň mynasyp goşandy bardyr. Ajaýyp döwrümiziň bedew badyny, belent ruhuny çeper wasp etmekde, halkymyzy täze üstünliklere galkyndyrmakda, bagtyýarlyk döwrümiziň türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüş aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmekde, has-da kämilleşdirilmegini, täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň alyp barýan işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine uly ynam bildirýäris, olaryň netijeli, döredijilikli işlemekleri, täze, döwrebap eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Biz bu döwletli işleri geljekde hem üstünlikli dowam ederis. Hormatly adamlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu gün halkara çäreleriň, maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda geçirilýän döwlet derejesindäki halkara çärelere yzygiderli gatnaşmak bilen, baý tejribe toplaýarlar. Medeniýet we sungat ussatlarymyz dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günlerine hem işjeň gatnaşýarlar. Garaşsyz ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleri hem üstünlikli geçirilýär. Bu bolsa dünýä halklarynyň türkmen medeniýeti bilen, biziň medeniýet we sungat ussatlarymyzyň beýleki milletleriň medeniýeti bilen içgin tanyşmaklaryna, özara tejribe alyşmaklaryna giň ýol açýar. Berkarar Watanymyzda dünýä döwletleriniň ünsüni özünde jemleýän täze üstünlikleriň we belent netijeleriň gazanylmagy halkymyzyň milli medeni mirasyny, maddy we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny has belentliklere götermäge giň mümkinçilikleri berýär. Ak şäherimiz Aşgabatda, welaýatlarymyzda, etraplarymyzda we şäherlerimizde gurlan döwrebap medeni maksatly binalarymyz döwletli Diýarymyzyň keşbini düýpgöter özgertdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň teatrlary, kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleri bagtyýar halkymyzyň we myhmanlarymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Bularyň ählisi bolsa biziň şu günki bagtyýarlyk döwrümiziň datly miweleridir. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr. Mähriban türkmen halkym! Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň täze belentliklere ýetmegi ugrunda alyp barýan döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Resmi habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow