Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türk­men at­çy­ly­gy — dün­ýä met­bu­ga­ty­nyň sa­hy­pa­syn­da
Jemgyýet
Türk­men at­çy­ly­gy — dün­ýä met­bu­ga­ty­nyň sa­hy­pa­syn­da
Çap edildi 02.09.2018
2492

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sir­ki dynç gü­ni no­bat­da­ky möw­sü­mi­ni aç­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len Di­ýa­ry­myz­da tä­ze­den di­kel­di­len sirk sun­ga­ty soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň me­de­ni dur­mu­şyn­da hem-de paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we myh­man­la­ry­nyň dynç alyş gün­le­rin­de gör­ne­tin ha­dy­sa öw­rül­di. Mil­li sirk mek­de­bi ber­käp, iş­jeň ösü­şi­ne eýe bol­dy. Bi­ziň sirk ar­tist­le­ri­miz wa­tan­daş­la­ry­my­zy gy­zyk­ly çy­kyş­la­ry bi­len be­gen­dir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ry­ň sy­lag­la­ry­na hem my­na­syp bol­ýar­lar. Tä­ze möw­sü­miň il­kin­ji sirk çy­ky­şy­ny şü­we­le­ňe gat­na­şy­jy­la­ryň dä­be öw­rü­len ýö­ri­şi aç­dy, olar tä­sir­li çy­kyş­la­ra ga­raş­ýan mä­re­kä­ni mü­bä­rek­le­di­ler. Sirk to­pa­ry­nyň tä­ze mak­sat­na­ma­sy dür­li çy­kyş­la­ry öz içi­ne al­dy. Şo­lar saz­ly çy­kyş­lar, ho­wa­da ak­ro­ba­ti­ka, ek­wi­lib­ris­ti­ka we žong­lir­le­me, mas­ga­ra­baz­la­ryň hem-de dört aýak­ly ar­tist­le­riň — ena­ýy gü­jük­le­riň, ge­çi­le­riň, dü­ýe­le­riň gat­naş­ma­gyn­da baş öw­ret­me çy­kyş­la­ryn­dan yba­rat bol­dy. Çy­kyş­la­ryň bi­ri­niň gah­ry­man­la­ry ştan­ga­çy­lar bol­du­lar, mu­nuň özi ýa­kyn wagt­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na öz­bo­luş­ly ba­gyş­lan­ma bol­dy. Us­sat­ly­gy we çak­gan­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyr­ma­gy do­wam ed­ýän ji­git­le­riň çy­kyş­la­ry, he­mi­şe bol­şy ýa­ly, çy­kyş­la­ryň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­di. Hä­zir Türk­me­nis­tan­da sirk pa­jar­lap ös­ýän dynç alyş ul­ga­myn­da öz my­na­syp or­nu­ny eýe­le­di. Ony di­ňe ça­ga­lar däl-de, eý­sem, ulu­lar hem go­wy gör­ýär­ler. Ol dynç al­ma­gyň “maş­ga­la” gör­nü­şi bo­lup dur­ýar, çün­ki äh­li ne­sil­le­ri bir duý­gy­nyň äle­min­de bir­leş­dir­ýär. Ma­než­dä­ki çy­kyş­lar ja­dy­ly dün­ýä­niň ga­py­la­ry­ny aç­ýar, on­da ba­tyr­gaý­lyk we çe­ýe­lik, aja­ýyp­lyk we gö­zel­lik, ze­hin da­ba­ra­lan­ýar. Şo­nuň üçin hem sirk­de sun­gat gör­nü­şin­de ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti hem my­na­syp or­ny eýe­le­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur ba­ra­da aý­ra­tyn bel­läp, onuň mil­li mi­ra­sy­my­zyň sirk sun­ga­ty­nyň üs­ti bi­len wa­gyz edil­me­gi ba­ra­da aýd­ýar. “Gal­ky­nyş” hem-de “Türk­men ji­git­le­ri” ata Wa­ta­ny­my­zyň çäk­le­rin­den alys­lar­da şeý­le meş­hur­ly­ga eýe bol­du­lar. Ge­çen dynç gün­le­ri Rus­si­ýa­nyň “Zwez­da” te­le­ýaý­ly­myn­da gör­ke­zi­len “Sir­kiň ro­wa­ýat­la­ry” at­ly meş­hur gep­le­şi­giň ýö­ri­te sa­ny Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­na ba­gyş­lan­dy. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň halk ar­tis­ti, Mosk­wa­nyň Uly döw­let sir­ki­niň ýol­baş­çy­sy Ed­gard Za­paş­nyý öz gep­le­şi­gi­niň gah­ry­man­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ran­da, ola­ryň dün­ýä sir­ki­niň we tu­tuş mil­le­tiň — türk­men hal­ky­nyň ha­ky­ky buý­san­jy­dy­gy­ny aýt­dy. Bu gün şu to­par dün­ýä­de iň go­wy at­çy­lyk sport to­pa­ry ha­sap­la­nyl­ýar. Ola­ryň ab­raý­ly bäs­le­şik­ler­de we fes­ti­wal­lar­da ga­za­nan sy­lag­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da al­tyn me­dal­lar ag­dyk­lyk ed­ýär. Şu ýy­lyň ma­ýyn­da Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Fon­tan­ka­da” at­ly I Hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da ga­za­ny­lan “Al­tyn Gae­ta­no” baý­ra­gy meş­hur to­pa­ryň baý­rak­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Bu sy­lag hal­ky­my­zyň dün­ýä­niň esa­sy are­na­la­ryn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ze my­na­syp we­kil­çi­lik ed­ýän wa­tan­daş­la­ry­na bo­lan ýü­rek buý­san­jy­ny no­bat­da­ky ge­zek art­dyr­dy. Türk­men at­ly­la­ry Rus­si­ýa­nyň de­mir­ga­zyk paý­tag­tyn­da çy­kyş edip, at üs­tün­dä­ki oýun­la­ry, ak­ro­ba­ti­ki hem-de gim­nas­ti­ki til­sim­le­ri, at çap­ma­gyň us­sat­lyk mek­de­bi bi­len to­ma­şa­çy­la­ry we emin ag­za­la­ry­ny haý­ran gal­dyr­dy­lar. Şeý­le-de bol­sa, ola­ryň çy­kyş­la­ryn­da esa­sy zat til­sim­le­riň çyl­şy­rym­ly­ly­gy hem-de ça­pyk­su­war­la­ryň do­gum­ly­ly­gy däl-de, eý­sem, adam­la­ryň we at­la­ryň to­pa­ry­nyň je­bis­li­gi bo­lup dur­ýar. Şo­la­ryň hem­me­si bi­le­lik­de sirk sah­na­syn­da bir bi­te­wi göw­re bo­lup gö­rün­ýär, şon­suz özü­ne çe­ki­ji gy­zyk­ly çy­kyş­la­ry gör­ke­zip hem bol­maz, se­bä­bi mä­re­kä­ni özü­ne ben­di ed­ýän şol tä­sir­li, em­ma tö­wek­gel­çi­lik­li til­sim­ler bi­rek-bi­re­ge do­ly yna­my hem-de sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, dos­tuň yna­mynyň ze­rur­ly­gy­ny ta­lap ed­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne “Sir­kiň ro­wa­ýat­la­ry” at­ly gep­le­şi­giň to­ma­şa­çy­la­ry hem göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy. Bu gep­le­şik­de Sankt-Pe­ter­burg­da ge­çi­ri­len fes­ti­wal­da “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň tä­sir­li çy­kyş­la­ry gör­ke­zil­di. “Sah­na­da — do­gum­ly ýi­git­ler hem-de iň ýyn­dam at­lar — di­ýip, syn­çy tes­wir­le­ýär. To­ma­şa­çy­lar ola­ra ar­ka­ýyn se­re­dip bil­me­ýär­ler, çün­ki bu çy­kyş­lar dart­gyn­ly ýag­da­ýy dö­red­ýär. Her bir til­sim öz­bo­luş­ly ha­tar­ly bo­lup, şo­la­ryň kä­bi­ri aky­ly­ňy haý­ran ed­ýär”. My­sal hök­mün­de gep­le­şik­de örän çyl­şy­rym­ly tär­le­riň bi­ri gör­ke­zi­lip, ony türk­men at­ly­la­ry be­de­wiň ça­pyp bar­ýan pur­sa­dyn­da eýe­riň ke­me­rin­den diş­le­ri bi­len sak­la­nyp, ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Şon­da ça­pyk­su­wa­ryň bir aýa­gy aý­law bo­ýun­ça ça­pyp bar­ýan be­de­wiň as­tyn­da­ky hal­ka­dan asy­lyp dur­ýar. At üs­tün­dä­ki oýun­lar­da tä­ze we tä­sin gal­dyr­ýan çy­ky­şy taý­ýar­la­mak örän kyn — di­ýip, sirk dün­ýä­sin­de meş­hur ne­be­rä­niň we­ki­li Ed­gard Za­paş­nyý bel­le­di. Em­ma “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň ji­git­le­ri örän ta­lap­kär mä­re­kä­ni ýe­ne-de tä­ze­den haý­ran gal­dyr­ma­gy ba­şar­ýar­lar hem-de mu­ny örän us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. My­sal üçin, olar en­tek hiç ki­miň gör­ke­zip bil­me­dik til­si­mi­ni oý­lap ta­pyp­dyr­lar — ça­pyp bar­ýan iki atyň aşa­gyn­dan geç­mek aky­ly­ňy haý­ran ed­ýän til­sim bo­lup dur­ýar. Ady ag­za­lan gep­le­şik­de bi­ziň us­sat ar­tist­le­ri­mi­ziň çy­kyş­la­ry­nyň özün­de gal­dy­ran tä­sir­le­ri bi­len “Fon­tan­ka­da” at­ly I Hal­ka­ra sirk sun­ga­ty fes­ti­wa­lyn­da alyp­ba­ry­jy bo­lan bel­li akt­ri­sa Kris­ti­na As­mus paý­laş­dy. Ol göz­le­ri da­ň­lan ça­pyk­su­wa­ryň be­dew­le­riň aşa­gyn­dan ge­çen pur­sa­dy­na tol­gun­mak bi­len to­ma­şa eden­di­gi­ni gür­rüň ber­di. Şun­da ça­pyp bar­ýan be­de­wiň, on­da-da, iki be­de­wiň güý­jü­ni göz öňü­ne ge­tir­mek üçin bu tol­gun­dy­ry­jy pur­sa­dy duý­mak ge­rek. Fes­ti­wal­da dü­şü­ri­len film­de mä­re­kä­niň ara­syn­da “gol­daw to­pa­ryn­dan” bo­lan ýaş­la­ry hem gör­mek bol­dy, olar el­le­rin­de ýa­şyl baý­dak­la­ry gal­gad­ýar­dy­lar. Wa­tan­daş­la­ry­myz, äh­ti­mal, ta­lyp­lar bu çy­kyş­la­ry gör­mä­ge, öz il­deş­le­ri­ne ru­hy gol­daw ber­mä­ge ge­len­dir. Gep­le­şik­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di. Olar ba­ra­da äh­li ýer­ler­de aja­ýyp hä­si­ýet­len­dir­me­ler bi­len gür­rüň ed­ýär­ler. Ola­ry be­hiş­di we ga­nat­ly, ba­şy be­lent, al­tyn­sow be­dew­ler di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­ra­ty­ny go­ra­mak we art­dyr­mak işin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa örän uly hyz­mat­lar de­giş­li­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan at­şy­nas­ly­gyň hal­ka­ra mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär, bi­ziň be­dew­le­ri­miz hem-de ça­pyk­su­war­la­ry­myz bol­sa, da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän ab­raý­ly at­çy­lyk sport ýa­ryş­la­ry­nyň we aý­law­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri bol­ýar­lar. Bu Sankt-Pe­ter­burg­da hem şeý­le bol­dy, şu ýer­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra fes­ti­wal Bel­gi­ýa­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Hy­taý­dan, Ko­re­ýa­dan, Por­tu­ga­li­ýa­dan, Ita­li­ýa­dan Nor­we­gi­ýa­dan, Rus­si­ýa­dan, Türk­me­nis­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Ke­ni­ýa­dan, Uk­rai­na­dan we beý­le­ki döw­let­ler­den sirk ar­tist­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di. Ok­gun­ly, aja­ýyp we owa­dan be­dew­ler hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­dy­lar, olar sah­na ýö­ne yl­gap çyk­man, il­ki bi­len, ýa­pyk bö­wet­den bö­küp geç­ýär­di­ler, bu bol­sa ola­ryň he­re­ke­ti­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär­di. At­la­ryň bu to­hu­my dün­ýä­de iň gym­mat ha­sap­lan­ýar, em­ma türk­men üçin bu be­dew­ler ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­lyk­dyr! Aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri mü­nül­ýän at­la­ryň nus­ga­sy diý­lip yk­rar edil­di, olar bäş müň­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da beý­le­ki to­hum­lar bi­len ça­kyş­dy­ryl­man, türk­men se­ýis­le­ri­niň ala­da­sy we ze­hi­ni bi­len öz aja­ýyp, gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi­ni hem-de güý­jü­ni, çy­dam­ly­ly­gy­ny, ýyn­dam­ly­gy­ny sak­lap gal­dy­lar we kä­mil­leş­dir­di­ler. Gep­le­şik­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dün­ýä­de aras­sa to­hum­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň je­mi üç mü­ňü­si bo­lup, şo­la­ryň ýa­ry­sy Türk­me­nis­tan­da — bu be­hiş­di be­dew­le­riň ta­ry­hy me­ka­nyn­da sak­lan­ýar. Her bir şeý­le at ha­ky­ky baý­lyk, aýaw­ly sak­lan­ýan mil­li mi­ra­syň gym­mat­ly bö­le­gi­dir. Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len be­hiş­di be­dew­ler ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän äh­li mil­li da­ba­ra­la­ryň be­ze­gi bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­ýär. Ba­şy be­lent at­la­ryň gö­zel­li­gi we ýyn­dam­ly­gy, şeý­le hem ça­pyp bar­ýan atyň üs­tün­de çyl­şy­rym­ly til­sim­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýän türk­men ji­git­le­ri­niň us­sat­ly­gy to­ma­şa­çy­la­ry he­mi­şe ben­di ed­ýär. Özü­ne çe­ki­ji şü­we­leň­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň üs­tün­de us­sat ça­pyk­su­war­lar at mün­me­giň ga­dy­my sun­ga­ty­nyň äh­li tär­le­ri­ne eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny gör­ke­zip, şo­la­ry tä­ze nus­ga­lar bi­len baý­laş­dyr­ýar­lar. “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň be­dew­le­ri — bu ha­ky­ky to­hum at­la­ry bo­lup, ola­ryň di­ňe aja­ýyp nes­li däl-de, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da hak hos­sa­ry bar di­ýip, Ed­gard Za­paş­nyý aý­ra­tyn bel­le­di. “Gal­ky­nyş” to­pa­ry hut mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len at mün­me­giň, ola­ryň üs­tün­de dür­li oýun­la­ry gör­kez­me­giň halk däp­le­ri­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. To­pa­ryň ýol­baş­çy­sy­nyň bel­leý­şi ýa­ly, hut döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, türk­men ji­git­le­ri hal­ka­ra gi­ňiş­li­k­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň şu­nuň ýa­ly ala­da­sy ola­ry has-da ne­ti­je­li çy­kyş et­mä­ge, dün­ýä­de aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­mak­da tä­ze öz­bo­luş­ly çöz­güt­le­ri we çe­me­leş­me­le­ri ýa­daw­syz, dö­re­di­ji­lik­li göz­läp tap­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Ahal­te­ke be­dew­le­ri dün­ýä­de nä­hi­li gym­mat bol­sa-da, türk­men­ler­de bu aja­ýyp at­lar sa­tyl­ma­ýar. Se­bä­bi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, ola­ryň gym­mat­ly­gy­nyň ha­ky­ky ba­ra­bar ba­ha­sy ýok­dur. Türk­men­ler öz at­la­ry­ny dost­lu­gyň we ho­şal­lyk bil­dir­me­giň ala­ma­ty hök­mün­de sow­gat be­rip, ýü­re­gi­ne iň ýa­kyn hem-de gym­mat­ly za­dy­na ga­raý­şy­ny, ony paý­laş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi­mi­zi do­wam edip, türk­men­ler­de atyň ga­dymy dö­wür­den bä­ri güý­jüň, tiz­li­giň we ar­gyn­syz­ly­gyň, gaý­duw­syz­ly­gyň hem-de har­by şöh­ra­tyň ny­şa­ny bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Atyň mi­ze­mez keş­bi he­mi­şe ser­ker­de­li­giň üs­tün­li­gi, ak at bol­sa ha­ky­ky be­ýik ýeň­şiň ny­şa­ny bo­lup­dy. Şä­he­re ak atyň üs­tün­de gir­me­giň aja­ýyp ýeň­şi ga­za­nan­dy­gy­ňy aň­lad­ýan­dy­gy ha­sap­la­nan­dy­gy ýö­ne ýer­den däl­dir. 2010-njy ýy­lyň 9-njy ma­ýyn­da Mosk­wa­da ge­çen da­ba­ra­ly ýö­riş ma­ha­ly Gy­zyl meý­dan­dan gör­ke­zi­len wi­deo­şe­kil­le­re aja­ýyp ahal­te­ke be­de­win­de, ýag­ny ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len mar­şal G.Žu­ko­wyň 1945-nji ýyl­da uzak ga­raş­dy­ran Ýe­ňiş ýö­ri­şi­ni ka­bul eden aty­nyň nes­li­niň üs­tün­de türk­men at­ly­sy hem gep­le­şi­ge gir­di. Gy­zyl meý­dan­dan ýö­riş sa­zy­nyň mu­ka­my as­tyn­da hal­kyň söý­gü­si­ni ga­za­nan gah­ry­man go­rag­çy meş­hur “Gö­rog­ly” epo­syn­da­ky at ki­min bi­ziň Gy­ra­ty­myz aja­ýyp we dürs he­re­ket­ler bi­len geç­di. Bu pur­sat­la­ry ýat­lap, “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň be­ren in­terw­ýu­syn­da şol wagt şeý­le tä­sin at üçin iki mil­lion dol­lar hö­dür eden­dik­le­ri­, is­leg bil­di­ren aly­ja üýt­gew­siz jo­gabyň: «bi­ziň at­la­ry­myz sa­tyl­ma­ýar» di­ýip aýdylandygy bellenildi. Gy­zyl meý­dan­dan Ýe­ňiş ýö­ri­şin­de üs­tün­de il­de­şi­miz otu­ran Gy­ra­tyň buý­sanç­ly ýö­ri­şi­niň to­ma­şa­çy­lar­da be­ýan edip bol­ma­jak şat­lyk dö­re­den­di­gi geň däl­dir. Bu pur­sat­la­ry syn­lan­la­ryň kö­pü­si Türk­me­nis­ta­na, onuň hal­ky­na we me­de­ni­ýe­ti­ne, bu aja­ýyp­ly­gy — ahal­te­ke to­hu­my­ny dö­re­den hal­ka bo­lan tüýs ýü­rek­den we ha­ky­ky gy­zyk­lan­ma­ny oýa­ran ýat­dan çyk­ma­jak sow­ga­da öw­rü­len­di­gi­ni be­ýan et­di­ler. Ýur­du­my­zyň öňe ta­rap mi­ze­mez he­re­ke­ti­niň ny­şa­ny­na öw­rü­len ahal­te­ke be­de­wi ýe­ňiş ga­zan­ma­gyň hem-de tä­ze be­ýik öz­gert­me­le­re ta­rap ym­ty­ly­şyň, ösüş, pa­ra­hat­çy­lyk we dö­re­di­ji­lik ba­ra­da­ky mak­sat­la­ra bes­le­nen hyz­mat­daş­ly­gyň ala­ma­ty hök­mün­de en­çe­me ge­zek bi­ra­gyz­dan yk­rar edil­di. ...Gep­le­şik “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň dö­reý­şi we ke­ma­la gel­şi ha­kyn­da gür­rüň bi­len do­wam et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu to­par üçin öz at­ha­na­syn­dan iň go­wy be­dew­le­ri — ahal­te­ke to­hu­my­nyň saý­la­ma at­la­ry­ny ber­di. Çün­ki we­zi­pe di­ňe gy­zyk­ly çy­kyş­lar üçin oňat to­pa­ry düz­mek­den däl-de, eý­sem, at çap­ma­gyň iň go­wy däp­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak­dan hem-de ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek­den, ahal­te­ke be­de­wi­niň aja­ýyp­ly­gy­ny we gö­zel­li­gi­ni tu­tuş dün­ýä gör­kez­mek­den yba­rat­dy. Diý­mek, to­par hem dün­ýä­de iň go­wy to­par bo­lup, meş­hur­ly­ga eýe bol­ma­ly­dyr. Hä­zir bu zat­lar bi­ziň at­ly­la­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ola­ra hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­wy ne­ti­je­sin­de ga­za­nyl­dy. Haý­wan­la­ra baş öw­re­dip gel­ýän nes­liň we­ki­li Ed­gard Za­paş­nyý örän tä­sir­li tä­lim­le­riň bi­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge sy­na­nyş­dy. Ony “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da aja­ýyp be­dew ýa-da ýa­nyp du­ran be­dew di­ýip at­lan­dy­ry­ly­şy ýa­ly, Ka­nun at­ly be­dew örän tä­sir­li gör­kez­ýär. Tä­lim be­ri­ji­niň at bi­len sy­na­ny­şy­gy ba­şa bar­dy, em­ma ol be­de­wiň ýa­nyn­da eýe­si­niň bo­lan­dy­gy se­bäp­li müm­kin bol­dy. At öz eýe­si­ne ynan­ýar hem-de öz­di­ýen­li hä­si­ýe­ti­ne ga­ra­maz­dan, oňa gu­lak as­ýar. Türk­men ji­git­le­ri­niň baý maz­mun­ly çy­kyş­la­ryn­da bol­sa şeý­le tä­lim­le­riň en­çe­me­si bar. Olar ça­pyp bar­ýan atyň ar­ka­sy­na bök­mek, ola­ryň üs­tün­de ak­ro­ba­ti­k pi­ra­mi­da­la­ry düz­mek, ok­du­ry­lyp bar­ýan atyň aşa­gyn­dan geç­mek hem-de ke­me­ri diş­läp, öz ag­ra­my­ňy sak­la­mak ýa­ly til­sim­ler­dir. Şo­la­ryň hem­me­si örän tö­wek­gel­çi­lik­li tä­lim­ler­dir, em­ma to­par ýe­ti­len sep­git­de sak­lan­mak­çy bol­ma­ýar. Gel­jek­de tä­ze, öz­bo­luş­ly çy­kyş­la­ry we til­sim­le­ri dö­ret­mek hem-de iş­läp taý­ýar­la­mak me­ýil­le­ri bar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len “Gal­ky­nyş” to­pa­ry­nyň ta­ry­hy hem-de dün­ýä şöh­ra­ty­nyň be­lent­lik­le­ri­ne ok­gun­ly çyk­ma­gy bu zat­la­ryň müm­kin­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. To­par il­kin­ji üs­tün­li­gi­ni 2013-nji ýyl­da ge­çi­ri­len “Idol” at­ly sirk sun­ga­ty­nyň Bü­tin­dün­ýä fes­ti­wa­lyn­da ga­zan­dy, şon­da bi­ziň us­sat ça­pyk­su­war­la­ry­myz bu fes­ti­wa­lyň ýe­ňi­ji­le­ri bo­lup, uly ses­len­me dö­ret­di­ler. Ýe­ňi­ji­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, şol üs­tün­lik ola­ryň öz­le­ri üçin hem ga­ra­şyl­ma­dyk wa­ka öw­rül­di, olar “al­tyn” ba­ra­da pi­kir hem et­män­di­ler, di­ňe öz­le­ri­ni hal­ka­ra sirk bi­le­le­şi­gi­ne il­kin­ji ge­zek gör­kez­mek is­läp­di­ler. Hut “Idol” ola­ra beý­le­ki sirk fes­ti­wal­la­ry­na ýol aç­dy, “Gal­ky­ny­şy” dün­ýä ýü­zi ta­nap ug­ra­dy. Şon­dan bä­ri hem şeý­le bäs­le­şik­ler­de her bir çy­kyş olar üçin esa­sy baý­rak­la­ra bes­len­ýär. Türk­men at­şy­nas­la­ry bi­len gür­rüň­deş­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­ga ýurt­lar­da gu­ral­ýan fes­ti­wal­la­ra at­la­ry amat­ly şert­ler­de alyp git­mek üçin ýö­ri­te uçar, şeý­le hem beý­le­ki ýe­ňil­lik­le­ri ber­ýän­di­gi­ne Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň halk ar­tis­ti Ed­gard Za­paş­nyý haý­ran gal­dy, bi­ziň ýur­du­myz­da be­dew­ler aý­ra­tyn ala­da bi­len gur­şa­lan­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si biz üçin geň zat­lar däl­dir. Türk­men­le­riň bü­tin köp müň­ýyl­lyk ta­ry­hy ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. At­la­ryň bu tä­sin to­hu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň özi hal­ky­my­zyň ýo­ka­ry at­şy­nas­lyk us­sat­ly­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär, se­bä­bi äh­li ta­gal­la­la­ry, ze­hi­ni, kal­by­ňy be­rip, te­bi­gat bi­len bi­le­lik­de şeý­le gud­ra­ty ke­ma­la ge­tir­mek müm­kin­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­hiş­di be­dew­le­re nä­hi­li sar­pa goý­ýan­dy­gy hem­me­le­re mä­lim­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ola­ra bir­nä­çe ki­ta­by­ny ba­gyş­la­dy. Şol ki­tap­lar dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­niň ýan­ki­ta­by­na öw­rül­di hem-de alym-at­şy­nas­lar üçin gym­mat­ly yl­my çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň örän baý me­de­ni mi­ra­sy­ny, ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­ny, at­şy­nas­lyk sun­ga­ty bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek hem-de go­rap sak­la­mak me­se­le­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ga­dy­my mil­li mu­kad­des­lik­le­ri­niň do­wam et­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň, türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň hem-de ça­pyk­su­war­la­ry­nyň şan-şöh­ra­ty­nyň be­len­de gö­te­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Me­de­ni mi­ra­sy­myz­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Ola­ryň şan-şöh­ra­ty bol­sa türk­men at­çy-tür­gen­le­riň hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da we sirk fes­ti­wal­la­ryn­da ga­zan­ýan aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri bi­len bar­ha art­ýar. Bi­ziň at­ly ji­git­le­ri­mi­ziň Sankt-Pe­ter­burg­da ge­çi­ri­len fes­ti­wal­da üs­tün­lik­li çy­ky­şy “Sir­kiň ro­wa­ýat­la­ry” at­ly gep­le­şi­giň esa­sy­ny dü­züp, ar­tist­le­riň aja­ýyp we akyl­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len gün­de­lik tür­gen­le­şik­le­ri­niň ne­ti­je­si­dir. Em­ma bu ge­zek bi­ziň us­sat­la­ry­myz ga­ra­şyl­ma­dyk kyn­çy­lyk­la­ryň höt­de­sin­den gel­me­li bol­du­lar. Bu ba­ra­da­ky gür­rüň gep­le­şi­ge dra­ma ýi­ti­li­gi­ni gi­riz­di. Çi­ni­zel­li sir­ki­niň ma­ne­ži­niň re­zin ör­tü­gi bi­ziň at­la­ry­myz üçin örän ty­pan­jak bol­dy. Ola­ryň toý­nak­la­ry ör­tü­giň ýü­zün­de ýüz­ýär­di, bu ýer­de bir se­kun­da we bir ädi­me çen­li äh­li zat­lar bar­la­nyp­dy, çyl­şy­rym­ly we howp­ly til­sim­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­di. To­pa­ryň ag­za­la­ry bu ýag­daý­dan hem çy­kal­ga tap­dy­lar, çy­kyş­dan öň ola­ryň öz­le­ri ma­ne­ži ýu­wup, aras­sa­la­dy­lar. At­la­ryň şo­nuň üs­tün­de yl­gap, tiz­li­gi­ni sak­lap bil­me­gi üçin iş­ler ge­çi­ril­di. Em­ma ala­da ýe­ne-de art­dy, at­lar äh­li til­sim­le­ri bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler­mi?... Ji­git­le­ri­miz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň bat­ly ga­dam­la­ry­ny ala­mat­lan­dyr­ýan be­hiş­di be­lew­le­re at­la­nyp, öz­le­ri­ne bil­di­ri­len yna­my buý­sanç bi­len, ab­raý bi­len ber­jaý et­di­ler. Olar Döw­let tu­gu­my­zy no­bat­da­ky ge­zek be­len­de gal­dy­ryp, ata Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­dy­lar. Türk­men ji­git­le­ri­niň bu üs­tün­lik­li çy­kyş­la­ry ýur­du­my­zyň sirk sun­ga­ty­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy­na, da­şa­ry ýurt­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni we türk­men ji­git­le­ri­niň us­sat­ly­gy­ny dün­ýä ýaý­mak­da ýe­ne-de bir mö­hüm ädi­me öw­rül­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de bu pu­da­gyň dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek, spor­tuň at­çy­lyk gör­nüş­le­ri­ni we at çap­ma­gyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, äh­li we­la­ýat­lar­da hä­zir­ki za­man hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gu­rul­dy, şo­lar di­ňe bir at ça­py­şyk­la­ry­ny ge­çir­mek üçin däl-de, spor­tuň giň meş­hur­ly­ga eýe bo­lan bu mil­li gör­nü­şi­ni wa­gyz et­me­giň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ös­dür­me­giň mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, 2010-njy ýy­lyň aw­gus­tyn­da ştab-kwar­ti­ra­sy Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy dö­re­dil­di. Türk­me­nis­tan­da, şeý­le hem hal­ka­ra gi­ňiş­li­k­de ahal­te­ke at­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek işin­de bi­ti­ren uly iş­le­ri üçin ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ha­ky­ky muş­da­gy mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu as­so­sia­si­ýa­nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­dy. Türk­men hal­ky­nyň umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na örän gym­mat­ly go­şan­dy bo­lup dur­ýan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dün­ýä do­lan şöh­ra­ty­ny art­dyr­mak, da­şa­ry ýurt­lar­da aras­sa gan­ly at­la­ryň ta­kyk ha­sa­by­ny ýö­ret­mek, hal­ka­ra at­çy­lyk sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­mak, hal­ka­ra at­çy­lyk gu­ra­ma­la­ry bi­len tej­ri­be alyş­mak ar­ka­ly hü­när­men­le­riň na­za­ry­ýet we hü­när taý­ýar­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ge­no­fon­du­ny go­ra­mak hem-de ola­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­mak onuň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Her ýyl tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça türk­men be­de­wi­niň hor­ma­ty­na uly da­ba­ra­lar ge­çi­ril­ýär — 2018-nji ýyl­da bu baý­ram­çy­lyk mil­li de­re­jä eýe bol­dy. Şöh­rat­ly ahal­te­ke be­de­wi­niň ta­ry­hy wa­ta­ny hök­mün­de Türk­me­nis­tan hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­ň öňün­de dün­ýä at­çy­ly­gy­nyň iri mer­ke­zi de­re­je­sin­de ýe­ne-de ör­-bo­ýu­na gal­dy. Bu ýer­de be­hiş­di be­dew­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň hem-de se­ýis­le­me­giň ga­dy­my däp­le­ri döw­re­bap ösü­şe eýe bo­lýar. Mil­li we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hy öz­bo­luş­ly­ly­gy bo­lan ahal­te­ke be­de­wi ata Wa­ta­ny­my­zyň dö­re­di­ji­li­giň hem-de ro­waç­ly­gyň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap öňe git­me­gi­niň, ýur­du­my­zyň üs­tün­lik­le­ri­niň ny­şa­ny­na, mil­li mi­ra­syň do­wa­mat­ly­ly­gy­nyň, türk­men hal­ky­nyň dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni­niň aja­ýyp mi­we­si­ne, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ama­la aşan ar­zu­wy­nyň keş­bi­ne öw­rül­di.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow