Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri
Medeniýet
Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri
Çap edildi 24.04.2015
2204

Aşgabat, 24-nji aprel /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre iki ýurduň dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze goşant goşmagyna gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, medeni çäreleri geçirmek baradaky ylalaşyklar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýanyň arasyndaky ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanyldy. Medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna, olaryň özara düşünişmeginiň berkemegine, döredijilik gatnaşyklarynyň giňelmegine ýardam edýän möhüm alamat bolup durýar. Soňky ýyllarda medeni-gumanitar ulgamda döwletara hyzmatdaşlygynyň depgini artdy. Türkmenistanyň we BAE-niň döredijilik intelligensiýasy dürli çäreleriň geçirilmegine gatnaşýar, döredijilik alyşmalary guralýar. BAE-niň medeniýet işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatyň geçirilmegini we onuň goşgularynyň arap dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyryş çäresini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň medeni durmuşyndaky möhüm waka diýip atlandyrdy. 2013-nji ýylyň dekabrynda BAE-de Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda bolan resmi saparyna gabatlandy. Ine, bu gün iki döwletiň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri ýene-de Aşgabatda duşuşýarlar. Çäräni geçirmek üçin Türkmenistana BAE-niň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti geldi. Iň oňat konsert zallary we kinokonsert merkezleri, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň iň ajaýyp zallarynyň biri olaryň ygtyýaryna berildi. BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyny geçirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi saýlanyp alyndy. Bu ýere şu gün agşamara medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar. Açylyş dabarasynda çykyş eden BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdulla Al-Adab dostlugy pugtalandyrmakda, iki doganlyk halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, gumanitar gatnaşyklaryň giňeldilmeginde häzirki çäräniň ähmiýetini nygtady. Çärä gatnaşyjylar alyp barýan parahatçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatlary, medeniýeti we sungaty hemmetaraplaýyn ösdürýändikleri üçin Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýana uly hoşallyk bildirdiler. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, BAE-niň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertiň maksatnamasyny dostlukly ýurduň halk döredijilik topary tarapyndan ýerine ýetirilen halk sazlary we tanslary düzdi. Tomaşaçylar ajaýyp çykyşlary mynasyp garşylap, şowhunly el çarpdylar. Şol çykyşlarda deprekleriň we beýleki milli saz gurallarynyň depginli owazlary, hor bolup ýerine ýetiriliş, tansyň joşgunly hereketleri täsin birleşdi. Şu gün BAE-niň resmi wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde medeniýet we sungat ulgamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Medeni çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde BAE-niň amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň işleriniň sergisiniň açylyşy bolar. Arap Emirlikleriniň medeni baýramçylygyna «Watan» kinokonsert merkezinde dostlukly ýurduň döredijilik toparynyň çykyşy, «Aşgabat» kinomerkezinde arap kinofilmleriniň görkezilişi hem goşulýar. 28-nji aprelde aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary «Aşgabat» aýdym-saz merkezine çäräniň ýapylyş dabarasyna hem-de türkmen we arap medeniýet we sungat işgärleriniň dostluk konsertine çagyrylar. Tomaşaçylara şeýle hem araplaryň duz-tagamy hödürlener. Myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Ol türkmen paýtagtynyň gözellikleri, Aşgabadyň muzeýleriniň gymmatlyklary bilen tanyşmagy özünde jemleýär. Mukamlar köşgüniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda iki dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow