Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet günleri tamamlandy
Medeniýet
Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet günleri tamamlandy
Çap edildi 06.08.2015
2468

Aşgabat, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we hytaý artistleriniň gatnaşmagynda dostluk konserti boldy. Ýokary ruhyýetliligiň we medeniýetiň gadymy merkezleriniň biri hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryň esasynda dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürýär. Iki döwletiň Baştutanlarynyň başyny başlan şu döredijilik forumy hem soňky ýyllarda giňelýän türkmen-hytaý gumanitar gatnaşyklarynyň dowamyna öwrüldi. HHR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri iki ýurduň Medeniýet ministrlikleri tarapyndan bilelikde guralyp, türkmen we hytaý halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni gatnaşyklaryny ösdürmek, medeni-bilim gymmatlyklaryny ösdürmek we alyşmak üçin şertleri döretmekde möhüm itergi bolup hyzmat etdi. Bu çäre türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döredip, biziň halklarymyzyň medeni gatnaşyklary ösdürmek isleginiň näderejede uludygyny görkezdi. Ozal habar berlişi ýaly, Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde hytaý artistleriniň—Hytaýyň milli baýlygy hasaplanýan akrobatik sungatynyň we milli mirasynyň – Pekin operasynyň wekilleriniň konserti guraldy. Türkmenistanyň döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergi uly gyzyklanma döretdi. Onda hytaýly fotosuratkeşleriň tebigata, hytaý halkynyň medeniýetine, özboluşly däplerine, döwürdeşleriň şekillerine bagyşlanan işleri görkezildi. Aýratyn ekspozisiýada suçžou el işleri – häzirki döwrüň sungat ussatlarynyň çeper işlerinde beýan edilen gadymy hytaý sungaty bilen tanyşdyryldy. Döredijilik duşuşyklary, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hytaý akrobatik sungatynyň wekilleriniň tälim sapaklary türkmenistanlylara diňe Hytaýyň köpasyrlyk däpleri, sungatyň aýry-aýry ugurlarynda gazananlary bilen tanyşmaga däl-de, eýsem, hünär tejribesini alyşmaga, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň täze gatnaşyklary ýola goýmagyna ýardam etdi. Hytaýly myhmanlar üçin taýýarlanan baý mazmunly medeni maksatnama olaryň biziň ýurdumyz, türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti baradaky düşünjelerini artdyrdy. Medeni gatnaşyklar, dostlukly halklaryň sungatlarynyň milli aýratynlyklaryna düşünilmegi gürrüňsiz, öçmejek ähmiýete eýe bolup, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny has-da mähirli we açyk görnüşe öwürmäge ýardam etdi. Jemleýji agşam Türkmenistanyň döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde häzirki zaman hytaý we türkmen sungatynyň köpsanly muşdaklaryny ýygnady. HHR-nyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, häzirki duşuşyk iki ýurduň sungat wekilleriniň arasynda täze netijeli döredijilik we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga, biziň halklarymyzyň dostluk we köpugurly gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat etdi. Çünki medeniýete düşünmek—ykdysady gatnaşyklary gowulandyrmagyň, birek-biregi tanamagyň, parahatçylygyň we hoşniýetliligiň bähbidine jebisleşmegiň iň gowy usulydyr. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýöredýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol syýasat parahatçylygy we halklaryň özara düşünişmegini berkitmäge, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam edýär. Soňra bu ýerde guralan konsertiň maksatnamasyny türkmen we hytaý artistleriniň çykyşlary düzdi. Oňa dürli öwüşginli aýdym-sazlar, tans we akrobatik çykyşlar girdi. Öz döredijiliginde gadymy akrobatikany dikeldýän hem-de balet tansynyň we akrobatik tärleriniň näzikligini özünde birleşdirýän täze teatrlaşdyrylan çykyşlary döredýän belli hytaý akrobatik toparynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylar “Suw meteorlary”, “Akrobatik oýunlary”, “Saýawanlar bilen oýun görkezmek”, “Sirk halkalary bilen oýnamak” we “Balet” atly çykyşlara tomaşa etdiler. Pekin operasynyň aýdymçysynyň çykyşy uly täsir galdyrdy. Onuň bu sintetik sungat üçin döreden keşbiniň ruhy baýlygy diňe wokal we plastika, ümler we ýüz-gözüň hereketleri bilen däl-de, eýsem, gahrymanyň häsiýet aýratynlyklaryny alamatlandyrýan dürli reňkleri bilen tapawutlanýan özboluşly grim arkaly beýan edildi. Belli türkmen aýdymçylary we toparlary—Türkmen döwlet tans topary we “Galkynyş” döredijilik-tans topary myhmanlaryň çykyşlarynyň üstüni sazlaşykly ýetirdi. Artistler aýdymlaryň, sazlaryň, tansyň we akrobatikanyň bitewiliginiň üsti bilen tomaşaçylara milli medeniýetleriň özboluşlylygyny açyp görkezdiler. Gadymy türkmen tansy bolan küştdepdini ýerine ýetiren türkmen we hytaý artistleriniň bilelikdäki çykyşy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ýerine ýetirijileriň täsin tanslaryndan, kämil we güýçli wokalyndan ruhy lezzet alan tomaşaçylar sungat bilen ýatdan çykmajak duşuşygy peşgeş beren sahna ussatlaryna şowhun bilen el çarpdylar. “Eziz Türkmenistanym” atly watançylyk aýdymy türkmen-hytaý dostluk baýramçylygynyň jemleýji çykyşa öwrülip, ol sahnada konserte gatnaşyjylaryň hemmesini birleşdirdi. Hut döredijilik gatnaşyklary halklara biri-birini tanamaga, ynanyşmaga we parahatçylygyň, rowaçlygyň we ählumumy ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşmaga ýardam edýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow