Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti
Medeniýet
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti
Çap edildi 12.12.2019
4926

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konserti boldy. Bu sene milletler bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň dünýäde we sebitde, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyk medeniýetiniň tassyklanylmagynyň möhüm şerti hökmünde ykrar edilendigini alamatlandyrýar. Ol şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik işiniň beýik üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň kabul eden gününi dünýä möçberindäki baýramçylyk hökmünde yglan etdi. Şu gün Mukamlar köşgüne Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti şanly sene mynasybetli ýaňlanan joşgunly waspnama bilen açyldy. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly ýurduň Bitaraplygy» diýen aýdym belent ýaňlandy. Soňra «Parahatçylyk buşlukçysy» diýen edebi aýdym-sazly kompozisiýa boldy. Ol çagalar we ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda «Güneş» çagalar hor topary, «Aşgabat», «Aýjan», «Ruhubelent çagalar» we «Joşgun» tans toparlary tarapyndan ýerine ýetirildi. Belentden-belent äheň bilen badalga alan sazly tomaşanyň maksatnamasyna ýurdumyzyň belli artistleriniň we ýaş meşhur aýdymçylarynyň çykyşlary girizildi. Dürli halklaryň halk aýdymlarynyň, sazlarynyň we tanslarynyň bir bitewülige utgaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň binýadyny emele getirýän oňyn bitaraplygyň halklaryň dostlugyna gönükdirilen häsiýetiniň beýanyna öwrülen ajaýyp sungat öwüşginini çaýdy. Şeýlelikde, «Mukam» skripkaçylar toparynyň zehinleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Arirang» koreý halk aýdymyny tomaşaçylara bagyşladylar. Ondan soňra şahyranalyga we şadyýanlyga, sazlaşyga beslenip aýdylan eýran, ýapon, owgan, hytaý, arap, hindi, türk, iňlis, nemes, italýan, ispan, fransuz aýdymlary gülzarly ajaýyp sungat sährasyny ýatlatdy. Olar misli kaleýdoskopdaky ýaly, dünýäniň dürli medeniýetleriniň aýdym-saz gymmatlyklarynyň haýran galdyryjy owazly keşbini emele getirdiler. Akapella topary tarapyndan ýerine ýetirilen bütin dünýäde meşhur «Suliko» gruzin halk aýdymy hem diňleýjileriň göwnünden turdy. Ýaş aýdymçylar topary bu aýdymyň sözlerine we sazyna siňdirilen röwşen duýgulary inçelik bilen märekäniň kalbyna siňdirdi. Soňra bütin dünýäniň owazlary ýaňlanýan çykyşlarda «Köne güzer» türkmen halk aýdymy ýerine ýetirildi. Ol belent gaýaly jülgelerden gaýdýan çeşmäniň soňra barha gujura we depgine eýe bolup, jülgeleriň gaýalarynyň arasyndan çasly akýan derýa öwrülip akyşyny ýatladýar. Ondan soňra ýerine ýetirilen «Kalinka» rus aýdymy her bir adamda tans oýnamaga höwes döredýär. Folklor äheňinde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar moldawan, täjik, gazak, ukrain, azerbaýjan, gyrgyz, ermeni, belarus aýdymlary bilen dowam etdirildi. «Lazgi» özbek tansy hemmelerde aýratyn ruhubelentlik döretdi. Häzirki wagtda bu tans, beýleki folklor eserleri bilen birlikde biziň ýurdumyzyň halyçylyk sungatynyň däpleri bilen bir hatarda, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu halkara guramanyň garamagyna hödürlenildi. «Galkynyş», «Näzli», «Laçyn», «Meňli», «Miras» we beýleki tans toparlary biri-birini çalşyp, ajaýyp sahna görnüşlerini emele getirdiler. Balkan welaýatynyň «Dehistan» tans topary dünýä derejesinde adamzat medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen joşgunly küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gyzykly syýahata öwrülen bu konsert Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn syýasatynyň açyklygyny, köp ugurlylygyny beýan etdi hem-de ýurtlaryň we halklaryň birek-birege ynam we özara baýlaşdyrmak babatynda gatnaşyklarynda medeniýetiň, sungatyň ornuny ýene bir gezek äşgär etdi. Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň belli estrada aýdymçylary hem-de konserte gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde «Arkadagly ýurdum baky Bitarap!» atly aýdymy ýerine ýetirdiler, bu aýdymda çuňňur watançylyk, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşli we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyza buýsanç duýgulary ýaňlandy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow