Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň ýokary depginleri
Ykdysadyýet
Galla oragynyň ýokary depginleri
Çap edildi 24.06.2020
1762

Türkmenistanyň gallaçylarynyň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzda galla oragynyň depginleri gün-günden güýçlenýär. 24-nji iýunda birbada ýedi etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler. Galla oragynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary öňdäkileriň hatarynda barýarlar. Meşhur türkmen bugdaýynyň taryhy watanynda şu möwsümde 69 müň tonnadan gowrak galla öndürildi. Sarahs etrabynda hem bol hasyl ýetişdirilip, 41 müň tonnadan gowrak bugdaý, Gökdepe etrabynda bolsa 21 müň 500 tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy. Bu welaýatda hem, beýleki sebitlerde bolşy ýaly, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görüldi. Göçme abatlaýyş toparlary gallaçylara gije-gündiziň dowamynda hyzmat edip, olary zerur bolan ähli zatlar — ýangyç, ýangyç-çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edýärler. Mehanizatorlar, sürüjiler we möwsüme gatnaşýan beýleki işgärler üçin meýdan düşelgelerinde degişli derejede ýaşaýyş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary guraldy, göçme söwda nokatlary hereket etdi. Mary welaýatynyň daýhan birleşiklerinde hem galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Welaýatyň Ýolöten we Tagtabazar etraplary hem döwlet tabşyrygyny berjaý etdiler. Bu etraplar degişlilikde döwlet harmanyna şu güne çenli 25 müň 200 tonnadan gowrak hem-de 17 müň 300 tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny enjamlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinmegi netijesinde, soňky ýyllarda sebitiň galla orujy kombaýnlarynyň üsti täze tehnikalar bilen ýetirildi, bu bolsa galla oragynyň depginlerini güýçlendirmäge, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berdi. Lebap welaýatynyň ekerançylary uly netijeler gazandylar. Halaç etrabynyň gallaçylary 53 müň 500 tonnadan gowrak, Köýtendag etrabynyň ekerançylary bolsa 17 müň 600 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň gündogar sebitinde güýzlük bugdaýyň bir bölegi Amyderýanyň sag kenaryndaky tarp ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Geçen ýyl ekiş geçirilenden soňra tutuş möwsümiň dowamynda bugdaý meýdanlaryna yhlasly ideg edildi. Ekin meýdanlaryna ýeterlik mukdarda mineral we organiki dökünler berildi. Ähli möhüm agrotehniki çäreler alym-agronomlaryň maslahatlary esasynda ýerine ýetirildi. Oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Obasenagat toplumyna uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, bu bolsa welaýatlaryň ýokary depginlerde ösdürilmegine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we, umuman, döwletimiziň ykdysady abadançylygynyň, ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berer. Häzirki wagtda galla oragyna gatnaşyjylaryň her biri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän şu ýyly täze zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýär.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow