Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň wekilleri Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň wekilleri Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar
Çap edildi 05.09.2020
1799

Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bilen söwda wekili Ş. Batyrow Hytaýyň hyzmatlar söwdasy -2020 halkara ýarmarkasynyň (CIFTIS-2020) meýdançasynda geçirilen Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşmaga çakylyk syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasyndan (WTCF) gelip gowuşdy, Aşgabat şu ýylyň maý aýynda bu gurama agza boldy. 4-nji sentýabrdan 9-njy sentýabr aralygynda adaty we onlaýn görnüşde şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän CIFTIS-2020 iri ýarmarkanyň çäklerinde Hytaýyň hem-de daşary ýurtly kärhanalardyr edaralaryň 18 müňüsiniň hem-de 100 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda dürli çäreler guraldy. 200 müň inedördül meýdançada tematiki bölümleriň 8-sinden ybarat sergi geçirilýär. 4-nji sentýabrda Hyzmatlar söwdasy boýunça ählumumy sammit geçirildi, oňa tanymal syýasy işgärler, halkara guramalarynyň we dünýäniň iri kompaniýalarynyň 500-siniň wekilleri, şeýle hem bu ugurdan esasy hünärmenler gatnaşdylar. HHR-yň Başlygy Si Szinpin wideoaragatnaşygy arkaly oňa gatnaşyjylary ýüzlendi. Maslahatyň çäklerinde guralan duşuşyklarda hyzmatlar söwdasyny ösdürmegiň, sanly ykdysadyýetiň ugurlary, syýahatçylyk ulgamynda maýa goýum syýasaty we hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem pudaklaýyn maslahatlar geçirilýär. COVID-19 pandemiýasy sebäpli ara alnyp maslahatlaşylýan wajyp temalaryň biri – onlaýn-meýdançalarynda söwda geçmeklige ýardam etmek boldy. CIFTIS-2020 sanly ulgamda hem hereket edip, oňa gatnaşýan kärhanalaryň wirtual sergi zallary we portallary bar, dürli maglumatlar gullugy berilýär, onlaýn-maslahatlary geçirmek üçin şertler döredilen. Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatynyň işine BMG-nyň Bütindünýä Syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO), ŞHG-nyň we SŞBG-nyň wekilleri, Pekiniň wise-meri, Türkmenistandan, Kolumbiýadan, Gruziýadan diplomatlar, hyzmatlar, şol sanda sanly hyzmatlar ulgamynda işleýän dürli kompaniýlaryň prezidentleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň ilçisi forumyň syýahatçylyk pudagyna maýa goýumlaryna we onuň diwersifikasiýasyna bagyşlanan jemleýji mejlisinde çykyş etdi, şeýle hem şertnamalara gol çekmek dabarasynyň hormatly myhmany boldy. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere, hususan-da, topragynda özboluşly taryhy-medeni mirasyň ýadygärlikleri we tebigy gözel ýerler bolan ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiligini durmuşa geçirmek boýunça çärelere ünsi çekdi. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilendigini belläp, ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça ýurdumyzyň netijeli we sazlaşykly tekliplerini, şeýle hem Bitaraplygyň 25 ýyllyk temasyny beýan etdi. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň halkara gatnaşyklarynda fenomen we sebitde durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisiniň WTCF-niň baş sekretary Çen Dong bilen duşuşygy boldy, onda özara gatnaşyklaryň geljegi we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem gurama girmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Parahat Durdyýew jenap Çen Donga Türkmenistanyň Prezidentiniň hytaý dilinde neşir edilen “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyny sowgat hökmünde gowşurdy.

Soňky habarlar
02.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.01
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow