Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Medeniýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Çap edildi 02.10.2020
15662

Şu gün wideomaslahat görnüşinde ýurdumyzyň dürli edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) bilermenleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa hem-de oňa Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky meselelere garaldy. Bu iş maslahaty maslahat beriş häsiýetli bolup, ýakynda, 30-njy sentýabrda DIM-de ÝUNESKO-nyň Baş sekretary hanym Odri Azulaý bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň dowamyna öwrüldi. Bu gezek ady agzalan Konwensiýanyň köptaraply ähmiýeti nazara alnyp, ýurdumyza Medeniýet ministrligi, Döwlet habarlar agentligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Ylymlar akademiýasy we Bilim ministrligi, Adalat ministrligi we Adalatçynyň diwany ýaly döwlet edaralary wekilçilik etdi. ÝUNESKO tarapyndan Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýanyň sekretariatynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar bu halkara ylalaşyga goşulyşmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler, onuň wezipeleri we maksatlary barada gürrüň berdiler. Türkmenistan tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamaga, açyk hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ygrarlydygyny nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşýan ägirt uly şahsy goşandy, döwlet Baştutanymyzyň milli we umumydünýä medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna berýän ünsi aýratyn bellenildi. Türkmen tarapynyň wekilleri Konwensiýa goşulyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler hem-de ÝUNESKO-nyň bilermenleri bilen şuňa degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa ÝUNESKO tarapyndan 2005-nji ýylda kabul edildi hem-de 2007-nji ýylyň mart aýynda güýje girdi. Ol medeni maksatly hyzmatlar — «aýratyn häsiýetli önümler» ulgamynda işleri goldamagyň anyk ugurlaryny düzgünleşdirýär hem-de döwlet we hususy ulgamlaryň, raýat jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny göz öňünde tutýar. Konwensiýa bir zynjyryň aýrylmaz bäş halkasynyň — döredijilik, önümçilik, ýaýratmak, elýeterlilik we medeni desgalardan peýdalanmak ýaly ugurlaryň jemgyýete peýda getirmegi üçin oňaýly ýagdaýy döretmek wezipesini öňde goýýar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow