Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-hytaý söwda-ykdysady hzymatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Ykdysadyýet
Türkmen-hytaý söwda-ykdysady hzymatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 15.10.2020
4348

Şu gün wideomaslahat aragatnaşygy arkaly Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara komitetiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bölümçesiniň VI mejlisi boldy. Türkmen wekilýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysadygy gatnaşyklar ministriniň orunbasary K. Gurbanow, hytaý wekilýetine HHR-yň telekeçilik minisitriniň orunbasary we halkara söwda gepleşiklerinde HHR-yň wekiliniň orunbasary Ýuý Szýanhua ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Hususan-da, özara gyzyklanma bilidrilýän ulgamlarda hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şu jähtden Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ugurdaş pudak edaralarynyň wekilleriniň duşuşyklaryny geçirmek üçin aragatnaşygyň sanly görnüşiniň geljeginiň ulydygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara bähbitli ileri tutulýan ulgamlaryň arasynda ulag, söwda, energetika, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, himiýa, şeýle hem dokma senagaty, OST, telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary bellendi. Onlaýn-duşuşygyň barşynda özara haryt dolanşygyny artdyrmagyň möhümligine üns çekildi. Şu jähtden iki ýurduň döwlet edaralary derejesinde, şeýle-de telekeçilik birleşmesiniň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi, munuň özi, taraplaryň pikirine görä, özara gatnaşyklary has wajyp tapgyra çykakar. Gepleşikleriň çäklerinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bölümçäniň indiki, 7-nji mejlisini geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemi boýunça degişli protokola gol çekildi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow