Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy
Medeniýet
«Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy
Çap edildi 30.10.2020
17746

Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar. Bu waka mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlardan soň, «Jahan» döredijilik merkeziniň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlag haty okaldy. Toý bagy dabaraly kesileninden soň, binanyň baş girelgesiniň öňündäki meýdançada şowhunly el çarpyşmalar astynda asmana dürli reňkli şarlar uçuryldy. Binanyň içinde myhmanlary çagalaryň döredijilik topary garşylady. Olaryň joşgunly çykyşlaryndan öň, merkeziň gurluşy bilen tanyşlyk boldy. Merkeziň birinji gatynda ýerleşdirilen tans toparlary üçin zalda dabara gatnaşyjylar tansçylaryň tans edýän pursatlaryny synladylar hem-de konsertlere taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Sungatyň bu görnüşine höwes bildirýän çagalaryň, ýetginjekleriň ussatlyk derejesine ýetmekleri, olaryň tans sungatyna, elbetde, aýratyn meşhurlyga eýe bolan milli tanslara çuň aralaşmaklary ugrunda ýörite maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy. Mysal üçin, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan «Küştdepdi» aýdym-tans sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň bütindünýä sanawyna girizilendigini bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda tans sungatynyň milli ýörelgeleriniň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygynyň we ýurdumyzda ähli toý-baýramlaryň bezegi bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Soňra «Jahan» döredijilik merkeziniň myhmanlary onuň sport zalyna baryp gördüler hem-de türgenleşikleri geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere baha berdiler. Ýurdumyzda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, oňa ýurdumyzyň tutuş ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döredijilik merkezinde sport ulgamyna degişli aýratyn desganyň bina edilmegi ýurdumyzda sportuň hemişe okuw hem-de kämilleşmek, dynç almak we saglygyňy dikeltmek, işe bolan ukyp-başarnygyňy açmak bilen utgaşdyrylýandygyna nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. Soňra myhmanlar binanyň ikinji gatyna çykdylar hem-de şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk otagy bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýaşlaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmekleri hem-de şekillendiriş sungatlaryny, şeýle hem bu ugurda milli mirasy öwrenmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Merkeziň ses ýazgylar studiýasy dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde täzeçil usullar we sanly ulgam bilen üpjün edilen enjamlaryň kömegi arkaly dürli ýazgylary ýerine ýetirmek bolýar. Şeýle hem merkezde çagalaryň hor toparynyň otagy, wokal-instrumental saz otagy, şonuň ýaly-da çeper-tikinçilik otagy bilen tanyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli halyçylyk sungatynyň däpleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna we dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu sungat halyçy gelin-gyzlarymyzyň zehinleri bilen kämilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz döredijiligiň çaga terbiýesinde uly orun eýeleýändigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlaryň sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny zähmet endikleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döredijilik merkezini gurmak üçin 5 gektara golaý meýdan bölünip berildi. Şunda 28 müň inedördül metrden gowrak meýdan abadanlaşdyryldy, şeýle hem şol çäkde sport meýdançasy, ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, «Jahan» döredijilik merkeziniň golaýynda ýapyk awtobus duralgasy guruldy. Çäre sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy, ol şu günki dabaralaryň bezegine öwrüldi. Konsertde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgularyna we sazlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Olaryň hatarynda meşhur bolan «Leýlisaç barada rowaýat», «Ak güllerim saňa», «Ýadymda», «Bagt nury» diýen aýdymlar bar. Şol aýdymlary Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowa, Gülşat Gurdowa, Annaguly Myratdurdyýew hem-de ýurdumyzyň at gazanan artisti Nurýagdy Rejepow ýerine ýetirdiler. «Dokmaçylar» döredijilik topary, «Meňli», «Serpaý», «Laçyn» tans toparlary aýdymçylara baýramçylyk ruhuny götermäge ýardam etdiler. ...Köp adamyň söýgüsini gazanan «Leýlisaç barada rowaýat» aýdymy ýaňlananda, tomaşaçylaryň kalbyny joşgunly duýgular gurşap aldy. Asmanda gaýyp barýan guşy ýatladýan bu söýgi aýdymy öz ýakymly owazy bilen her bir diňleýjiniň kalbyna ýol saldy. Munuň özi aýdymyň ýokary çeperçilik derejesinde ýazylandygyny aňladýar. «Ak güllerim saňa» atly nurana aýdym hem päk söýginiň beýany bolup, nobatdaky gezek dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Çuňňur mazmuny, ýakymly owazy bolan bu aýdymyň sözleri baharda açylýan gülleri ýadyňa salýar. Soňra «Ýadymda» diýen aýdym ýaňlanyp başlanda, şadyýan sazyň owazy bagtyýarlygyň gözel sazy bilen utgaşyp gitdi. «Bagt nury» aýdymy bolsa saz muşdaklaryny bendi edip, adamlaryň kalbyny joşdurdy. Ajaýyp aýdymlar kalbymyzy ganatlandyryp, bagtly döwrümizi ruhlandyrýar diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgy setirlerine hem-de Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Sportly Türkmenistan» aýdymy ruhubelentlik bilen joşgunly ýerine ýetirildi. «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine, ýurdumyzyň sportda gazananlaryna hem-de ene topragymyzyň gözelligine bagyşlanan bu aýdym Amyderýanyň kenaryndaky gadymy şäherden badalga alyp, Garagum sährasynyň üsti bilen Hazaryň kenaryna tarap ugurda geçirilen ýaryşyň pursatlaryny hakydaňda janlandyrýar. Atanyň we agtygyň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kerim Berdimuhamedowyň bilelikdäki döredijiliginiň miwesi bolan «Rowaç» atly aýdym täze döredijilik merkeziniň açyk konsert meýdançasynyň ýanynda ýygnanan adamlarda ruhy lezzet döretdi. Ýelden ýüwrük Rowajyň keşbi täze döwrüň — ylham-joşgun, ruhubelentlik we döredijilik döwrüniň maksadyny beýan edýär. Şeýle hem «Toý waspy» atly baýramçylyk çykyşy ýerine ýetirilip, onda çagalykdan köptaraplaýyn ukyp-başarnygy açylan ýaş kompozitor Kerim Berdimuhamedowyň sazly oýlanmasynyň özboluşlylygy öz beýanyny tapdy. Atasynyň göreldesinden ruhlanan Kerimiň döredýän sazlary, aýdymlary hünärmenleriň, şeýle hem giň köpçüligiň söýgüsini gazandy. Bu bolsa halypa-şägirtlik ýoluna esaslanan nesilleriň hem-de halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň aýdyň mysaly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň we agtygynyň bilelikde döreden ýene-de bir aýdymy — «Arzuw» atly aýdym dabaranyň jemleýji pursadyna öwrüldi. Bu aýdymy konserte gatnaşyjylar bilelikde ýerine ýetirdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu aýdymyndaky şahyrana setirleriň maksady ýetilen sepgitde säginmän, ösmegi we öňe gitmegi, döretmegiň we ösüşiň ýolunda täze mümkinçilikleri açmagy ugur edinýär. Öz öňüňde aýdyň maksatlary goýup, olara tarap dogry ýol bilen gideniňde arzuwlar hasyl bolýar. Aýdym özüniň ajaýyp owazy, joşgunly setirleri bilen dabara gatnaşyjylaryň kalbyny gurşap, ýakymly täsirleri döretdi. Munuň şeýledigine dowamly el çarpyşmalar şaýatlyk etdi.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow