Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Küştdepdi — halklary birleşdirýän tans
Medeniýet
Küştdepdi — halklary birleşdirýän tans
Çap edildi 02.12.2020
23385

Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş direktory Dýusen Kaseinowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga häzirki zaman kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly türki dilli döwletleriň köp sanly artistleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň, olaryň mirasyny sungatda wagyz etmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar. Biziň ýurdumyzyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna soňky ýyllarda “Görogly dessançylyk sungaty” (2015), “Küştdepdi aýdym we tans dessury” (2017), “Türkmen milli halyçylyk sungaty” (2019) ýaly türkmenleriň döredijilik zehininiň beýik gazananlary girizildi. Ýene-de birnäçe gymmatlyklar — dutar ýasamak senedi, dutary çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty we ahalteke bedewlerini we alabaý itlerini ýetişdirmek boýunça ýetilen sepgitler bu abraýly sanawa girmek nobatyna garaşýarlar. Bu asylly işler milletimiziň örän baý taryhy-medeni mirasyny Ýer ýüzünde giňden wagyz edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli aýdym-tans sungatynda türkmen halkynyň ruhy tejribesi hem-de häzirki döwrüň döredijilik meýilleri sazlaşykly utgaşýar. Dabaranyň resmi böleginden soňra, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, türki dilli ýurtlaryň köp sanlysynyň: Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň aýdymçylary we tans toparlarynyň agzalary türkmen halkyna gutlag bilen ýüzlendiler. Gutlaglara Russiýa Federasiýasynyň sebitleri — Başkortostan, Tatarystan, Kabardina-Balkariýa, Saha-Ýakutiýa goşuldylar. Şeýle hem dabara Moldowanyň Gagauziýa sebiti goşuldy. Olaryň ählisi bilelikde joşgunly “Küştdepdi” wideofestiwalyny emele getirdiler, onuň barşynda TÜRKSOÝ-nyň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşde türkmen halk tanslarynyň ýerine ýetirilişiniň wideoroliklerini görkezdiler we ony aýdym bilen utgaşdyrdylar. Her bir topar milli däp-dessurlary açyp görkezýän tansa öz öwüşginini çaýdy, onuň joşgunly gözelligi halk kalbynyň ruhuny we güýjüni özünde jemleýär. Bu köpöwüşginli sazly-etnografiýa marafonyny Türkmenistanyň Döwlet tans topary jemledi.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow