Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gurluşyk pudagynyň senagat binýady berkidilýär
Ykdysadyýet
Gurluşyk pudagynyň senagat binýady berkidilýär
Çap edildi 02.12.2020
5294

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde şanly senä gabatlanyp, täze desgalaryň açylyş dabaralary geçirilýär. Şu gün Gökdepe etrabynda beton gurnamalarynyň dürli görnüşlerini öndürýän durky täzelenen we döwrebaplaşdyrylan kärhana işe girizildi. Çärä ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu desga milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitleri senagatlaşdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça kuwwatlyklary artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki zaman senagat düzümleriniň döredilmegine iri möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, munuň özi welaýatlaryň toplumlaýyn ösdürilmegine we tutuşlygyna ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Bu giň gerimli işlere kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar, häzirki wagtda olar üçin giň mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiziň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine berýän hemişelik goldawy netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldylar. Şunuň bilen baglylykda, hut şu etrapda 19-njy noýabrda hususy işewürligiň desgasynyň — demir-beton önümleri kärhanasynyň ulanmaga berlendigi bellenildi. Belli daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen, durky täzelenilen bu desganyň işe girizilmegi bilen onlarça täze iş orny döredildi. Kärhananyň durkuny täzelemek üçin bölünip berlen ýer bölegi 3,36 gektara deňdir, bu işleri “Sähra gurluşyk” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Türkmenistanda dürli desgalar gurlanda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bildirilýän ekologiýa howpsuzlygy talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Täzeçil we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu kärhananyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak işlerinde şeýle meseleler göz öňünde tutuldy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler. Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň ýanyndaky meýdançada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Desganyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow