Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 06.01.2021
2841

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFС) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň hususy ulgamyna, kiçi we orta işewürlige, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek bilen baglylykda, maliýe, maslahat beriş we tehniki taýdan goldaw bermegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi. Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Türkmenistanyň Halkara maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berildi. Amerikaly hyzmatdaşlara bu gazna gatnaşmak teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň innowasion ugrunyň, amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurt kompaniýalary we maliýe düzümleri bilen oňyn hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ajaýyp şertleri döredýändigi nygtaldy. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ösüş gaznasynyň döredilmegi (С5 Fund) bilen baglanyşykly meselelere giňişleýin garamaga Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi sebit üçin senagat we ulag düzümlerini, oba hojalygyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow