Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 07.01.2021
3105

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde milli maliýe ulgamyny ösdürmek boýunça özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini alamatlandyrýar. Bütindünýä bankynyň maliýeleşdirmek boýunça maksatnamasynyň çäklerinde uzakmöhletleýin ýeňillikli karz serişdeleri gönükdirilýän taslamalar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhüm şertidir.

***
Şu gün ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly HHR-iň Henan welaýatynyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ulag hem-de logistika, söwda we oba hojalygy pudaklarynda Hytaý Halk Respublikasynyň bu welaýaty bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Türkmenýüpek” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň wekilleri-de gatnaşdylar. Türkmen-hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda döwrebap logistika ulgamyň döredilmegi hem ýardam edýär. Ol tutuş Ýewraziýa yklymynda döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegine gönükdirilendir. Pikir alyşmalaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň ýol kartasyny düzmek üçin umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, teleduşuşyklaryň netijeli boljakdygy bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirip, munuň üçin ähli zerur şertleriň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow