Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 16.01.2021
1270

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti Onuň Alyhezreti, jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Çuňňur hormatlanylýan Prezident! Size belent hormatymyzy hem-de Türkmenistanda sportuň agyr atletika görnüşiniň ösmegine goşýan ägirt uly goşandyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň yzygiderli goldawyňyz bilen, Türkmenistanyň Milli agyr atletika federasiýasy hem-de Milli olimpiýa komiteti bilen bilelikde diňe Türkmenistanda däl-de, eýsem tutuş dünýäde sporty ösdürmek hem-de Olimpiýa hereketini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Halkara agyr atletika federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şol taryhy wakany Türkmenistanda guramak barada dogry karara gelendigini ynam bilen aýdyp bilerin. Degişli wezipeleri ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, Türkmenistan ajaýyp dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirdi, bu bolsa ençeme rekordlary we täze görkezijileri goşdy. Emma, şol dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan Taýland Patyşalygynyň türgeni tarapyndan doping düzgünleriniň bozulandygy we sport kwalifikasiýasyndan mahrum edilendigi sebäpli, Halkara agyr atletika federasiýasynyň kadalaryna laýyklykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagy amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, şol ýaryşyň häzirki netijeleri boýunça türkmen türgeni Yulduz Jumabaýewa itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky ajaýyp habary Size ýetirmek isleýärin. Ol ozal şol ýaryşda itekläp götermekde kümüş medalyň, silterläp götermekde bolsa bürünç medalyň eýesi bolupdy. Mundan başga-da, Ý. Jumabaýewa itekläp götermekde 104 kilogram we jemi 179 kilogram netije bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Ýokarda aýdylanlary göz öňünde tutup, 2021-nji ýylda geçiriljek agyr atletika boýunça halkara ýaryşlarynda türkmen türgenine mynasyp bolan medalyny gowşurmak dabarasynyň geçirilmegi bellenildi. Tutuş dünýäniň agyr atletikaçylarynyň adyndan Täze, 2021-nji ýylyň bagtly we üstünlikli bolmagyny, saglyk, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýäris. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Doktor Maýkl Irani, Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Jalud, Halkara agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow