Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan — Azerbaýjan: deňiz ulag aragatnaşygy giňeldilýär
Ykdysadyýet
Türkmenistan — Azerbaýjan: deňiz ulag aragatnaşygy giňeldilýär
Çap edildi 12.05.2021
4824

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze «Azerbaýjan» paromy geldi. Ol özüniň ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlady.

Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda “Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak hem-de demir ýol we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.

Hazaryň ýakasynda ýerleşýän iki goňşy ýurduň — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky dostlugyň hem-de giňelýän hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrülen täze paromy garşylamak dabarasyna hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Uzynlygy 154 metr bolan, 5,54 müň tonna ýük daşamaga ukyply parom ýurdumyza döwrebap tehnikalary getirdi.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu waka iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan uzak möhletleýin esasdaky netijeli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy onuň depginli ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrebap ulag düzümlerini döretmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Milli Liderimiziň Hazaryň türkmen kenarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolan ulag aragatnaşygynyň giň ulgamyny döretmek boýunça öňde goýýan meýilnamalary ýurdumyzy yklymüsti geçelgesiniň möhüm bölegine öwürmäge gönükdirilendir. Bu çäreler diňe bir ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge däl, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işleriň çäklerinde beýleki Hazarýaka ýurtlar bilen bir hatarda, Türkmenistan hem milli gämi flotiliýasynyň kuwwatyny artdyrmaga uly üns berýär. Soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmasy esasynda döwrebap tankerler hem-de söwda flotunyň beýleki gämileri guruldy we ulanmaga berildi. Şolaryň ýokary derejedäki ulanyş häsiýetnamalary hem-de innowasiýa — enjamlaýyn ölçegleri deňiz gatnawlarynyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň hem-de Aziýanyň arasynda ägirt uly halkara ulag-üstaşyr merkezine öwrülen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti ep-esli artdy.

Ýurdumyzyň esasy “Deňiz derwezesiniň” düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, deňiz ulaglarynda her ýylky ýük daşalyşynyň mukdary barha artýar, şonuň ýaly-da, bu ýere gelýän daşary ýurt gämileriniň sany bolsa köpelýär. Özüniň iş terjimehalyny türkmen portuna ýük getirmekden başlan “Azerbaýjan” paromynyň gelmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.07
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
top-arrow