Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Çap edildi 05.08.2021
2611

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk, ynam we özara hormat goýmak ýörelgeleriniň ygtybarly binýadynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça Türkiýe Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berýändigini nygtap, döwletlerimiziň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşler iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmagy dowam etdirmegi baş ugur edinýändiklerine hem-de şeýle hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has amatly şertleriň döredilýändigine ynam bildirip, taraplaryň iň gowy hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri hem-de iki halkyň bähbitleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meselesi boldy.

Häzirki wagtda ýurduň käbir sebitlerinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we weýrançylyklara getiren giň möçberli tokaý ýangynlary bilen baglylykda, Türkiýede emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli, Rejep Taýyp Ärdogan şu ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilen “Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe” üçtaraplaýyn sammitiniň möhletini yza süýşürmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz türk Lideriniň teklibini düşünmek bilen kabul edip, pajygaly ýagdaý zerarly çuňňur gynanjyny we doganlyk halk üçin şu agyr pursatda halkymyzyň, ýurdumyzyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary dost-doganlyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň bähbitlerine pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler we türk hem-de türkmen halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow