Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany bilen duşuşygy
Çap edildi 06.08.2021
1557

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň hem-de Hazar deňziniň kenarynda guralýan beýleki halkara çärelere gatnaşýan BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysyna ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlara hem-de taryhy ähmiýetli şanly wakalara işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Milletler Bileleşiginiň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin ähli çäreleri görer.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy sebitiň ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan halkara çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, munuň özi üçin uly mertebedigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy hasaba almak bilen, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki konsultatiw duşuşygy örän möhüm wakadyr, ol parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, sebitiň durnukly ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açar.

Hanym Natalýa German sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylaryň adyndan döwlet Baştutanymyza parahatçylygy pugtalandyrmak, gender deňligini hem-de zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek işlerinde öňe sürýän oňyn başlangyçlary üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň geljekde hem sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durmuş abadançylygyny üpjün etmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow