Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 25.08.2021
2591

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz Gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Gyrgyzystanyň döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak hem-de düşünişmek ýörelgelerine laýyklykda, köp ýyllaryň dowamynda depginli ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolandygyny belläp, Prezident Sadyr Žaparowyň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek we iki ýurduň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak ýolunda möhüm ähmiýetli tapgyra öwrülendigini nygtady.

Milli Liderimiz Gutlagynda: “Men «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ýaňy-ýakynda bolan duşuşygymyzy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Şol duşuşykda açyklyk hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-gyrgyz dostlugyny we hyzmatdaşlygyny ösdürmäge iki tarapyň hem çalyşýandygy hem-de taýýardygy ýene bir gezek tassyklandy” diýip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de biziň halklarymyzyň bähbitlerine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow