Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlar
Syýasat habarlary
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlar
Çap edildi 27.09.2021
2712

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Size hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Men Fransiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar eden Kararnamasynyň awtordaşy hökmünde synagdan geçen ynanyşmak we dostluk gatnaşyklaryny goldaýaryn.

Şu şatlykly günde Sizi Fransiýanyň biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini dowam etdirmäge taýýardygyna ynandyrmak isleýärin. Biz BMG-niň çäklerinde howa, gender meseleleri, saglygy goraýyş we howpsuzlyk bilen baglanyşykly ählumumy meseleleri çözmek baradaky bilelikdäki işlerimizi ilerletmelidiris.

Kanunçylygy berjaý etmek we adam hukuklaryny hormatlamak meseleleri boýunça dialogyň Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy bölegi bolup, onuň, aýratyn hem bu meselä bagyşlanan her ýylky maslahatlaryň çäklerinde dowam etdirilmegini isleýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky binagärlik, gurluşyk, arheologiýa, medeniýet we frankofoniýa, kosmiki syn etmeler, weterinariýa ylmy we tehnikasy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykdan başga-da, gatnaşyklarymyzyň pandemiýa bilen baglanyşykly kynçylyklara garamazdan, täze ugurlarda pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin. Men, hususan-da, oba hojalygyny, şäher hyzmatlaryny, durnukly we «akylly» şäher, şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýaryn.

Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy we sebit, şol sanda Owganystan babatyndaky esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ozal bellenilen telefon gepleşigini geçirjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Emmanuel Makron,

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Italiýa Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan edýärin.

Soňky birnäçe ýylda Rim bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklar ep-esli işjeňleşdi. Bu gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda, şol sanda sebit meseleleri boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Şeýle arzuwlar bilen Sizi bu dabaraly baýram bilen ýene bir gezek mähirli gutlaýaryn.

Serjio Mattarella,

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlamak mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Pakistanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleri umumy taryhdan we medeniýetden gözbaş alýar. Biz iki ýurduň bähbitlerine ýakyn gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hemişe ygrarlydyrys.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň has-da rowaçlanmagy we öňe gitmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Arif Alwi,

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ähli gazagystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen mähirli gutlaýaryn.

Bu taryhy sene Siziň halkyňyzyň umumymilli jebisligini hem-de ruhubelentligini şöhlelendirip, Türkmenistanyň döwlet özbaşdaklygyny hem-de durnukly ösüşini mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady özgertmelerde hem-de ýurduňyzyň Bitarap döwlet hökmündäki halkara abraýyny pugtalandyrmakda uly üstünliklere eýe boldy.

Şu ýyllaryň dowamynda gazak-türkmen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek däpleri esasynda ösýändigini bellemek guwandyryjydyr.

Şu şanly baýram gününde Size jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy ýollamak meniň üçin örän ýakymlydyr.

Ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklarymyz bize ählumumy meseleleri bilelikde çözmäge ýardam eder. Men muňa ynanýaryn hem-de Size, Türkmenistanyň raýatlaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Gi Parmelen,

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti.

*** 

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Size Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlagymy beýan edýändigime şatdyryn. Size hem-de türkmen halkyna jan saglyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Rumyniýanyň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklamak isleýärin.

Rumyniýanyň sebit ösüşiniň hem-de durnuklylygynyň bähbidine Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goldaw berjekdigine Sizi ynandyrmak isleýärin.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Klaus Werner Ýohannis,

Rumyniýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Döwlet baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Çehiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň özara bähbitlerine ähli ulgamlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize hem-de ýurduňyza üstünlikleri we rowaçlyk arzuw edýärin.

Miloş Zeman,

Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Geljek ýyl diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellejek biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Mun Çže In,

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ysraýylyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy we arzuwlarymy ýetirmek meniň üçin uly hormatdyr.

Türkmenistanyň baý taryhy, gadymy däpleri we täsin medeni özboluşlylygy asyrlara uzap gidýär hem-de bütin adamzadyň ösüşine Türkmenistanyň köptaraply goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky otuz ýylda Türkmenistan halklaryň arasynda parahatçylygy gazanmak ugrunda köp sanly halkara çärelerde öňdebaryjy bolup çykyş edýär. Siziň ýurduňyz soňky 30 ýylda diplomatik ýollar hem-de gapma-garşylyksyz gatnaşyklar arkaly sebitde ynanyşmak we hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar.

Siziň ýurduňyzyň jebislige yzygiderli ymtylmak arkaly berkidilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarlylygy, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň 30 ýyllyk Garaşsyzlygynyň möhüm döwürleridir.

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistan ägirt uly tebigy baýlyklary bolan ajaýyp ýurtdur. Türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň beýan edişi ýaly:

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,

Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,

Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,

Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.

Bu şanly baýram bilen baglylykda, Türkmenistana ähli ýurtlar üçin parahatçylygyň şamçyragy bolup galmagyny arzuw edýärin. Goý, türkmen halkynyň edermenligi we milli ruhy şöhratlansyn!

Sizi tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Ishak Gersog,

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we Size berk jan saglyk hem-de abadançylyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigimizi bellemek isleýärin.

Iň oňat arzuwlar bilen,

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy we abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Migel Dias-Kanel,

Kuba Respublikasynyň Prezidenti.


Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow