Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 27.09.2021
2547

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda ýurdumyza gelen “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Garaşsyz Türkmenistanyň ägirt uly gazananlaryny alamatlandyrýan esasy döwlet baýramy bilen gutlady we ýurdumyza saýlap alan ýolunda uly üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, daşary ýurtlaryň, şol sanda Ukrainanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň dünýäniň ösen tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny möhüm ugur edinýän durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň konsepsiýasy ýurdumyzyň beýleki şäherlerine hem degişlidir. Munuň özi bilelikdäki işleri dowam etdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de türkmen tarapynyň gurluşyk boýunça hyzmatdaşlaryna bildirýän talaplarynyň üýtgewsizdigini aýtdy. Desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegi, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we täzeçil inženerçilik-tehniki çözgütleriň netijeli peýdalanylmagy olaryň esasylarydyr.

Işewür “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň geljegi uly hem-de işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň toplan tejribesini türkmen hyzmatdaşlary bilen paýlaşmaga we täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda işewür milli Liderimize ýerine ýetirilýän işler we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzy ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow