Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatyna gatnaşyjylara
Çap edildi 07.10.2021
2011

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu maslahatyň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak babatda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Häzirki zaman lukmançylygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bu gün netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bu ulgamda tejribe alyşmaga ýardam bermäge gönükdirilen lukmançylyk diplomatiýasy aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýän Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda iş ýüzündäki gatnaşyklary ösdürmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplady.

Bütin dünýäni gurşap alan pandemiýa bu ählumumy howpa garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmegini talap edýär. Lukmançylyk diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet bermek zerurlygyny ýüze çykarýar. Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda COVID-19-yň öz çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri gördi. Ýurdumyz täze ählumumy wehimiň howpuna örän oňat düşünmek bilen, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda özara ylalaşylan çözgütleri taýýarlamakda halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş etdi hem-de sebitde bu ugurda birnäçe anyk çäreleriň görülmegine ýardam berdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurtlaryň ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi, häzirki döwrüň howplaryna, şol sanda COVID-19 bilen bagly howpa garşy göreşmekde ähli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler bilen bilelikde iş alyp barmakda Türkmenistan baý tejribe toplady. Hususan-da, Özbegistan we Azerbaýjan bilen bilelikde umumy serhetlerde sanitariýa-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça özara arkalaşykly işler amala aşyrylýar.

Täze wirus ýokanjyna garşy göreşmekde sebitde tagallalary birleşdirmegiň çäklerinde goňşy ýurtlar biri-birine özara ynsanperwer goldawyny hem berýärler.

Gadyrly myhmanlar!

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirip, bu ýokanjyň täze görnüşleriniň ýüze çykmagynyň sebäplerini aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýolbaşçylygynda bu keseliň gelip çykyşyny takyk anyklamak maksady bilen, döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek örän zerurdyr. Şoňa görä-de, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usuly döredilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Pandemiýa garşy göreşmegiň netijeli usullaryny işläp taýýarlamak üçin hünärmenleriň ýakyndan utgaşykly işlemegi we bütin dünýäniň ylmy-lukmançylyk jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmegi örän möhümdir. Häzirki wagtda howply ýokanç keselleriň meseleleri boýunça toplumlaýyn, ulgamlaýyn we maksada gönükdirilen köptaraply gatnaşyklary, ylmy diplomatiýa üçin giň mümkinçilikleri döretmek zerur bolup durýar.

Türkmenistan halkara gün tertibiniň örän möhüm ugurlary boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine aýratyn üns berýär, bu ugurda ähli zerur işleri durmuşa geçirýär.

Gadyrly myhmanlar!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti  
Gurbanguly Berdimuhamedow.


 




Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow