Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Çap edildi 02.12.2021
2462

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!

Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak bagty miýesser etdi. 2010-njy ýylda Hindistana amala aşyran saparyňyz Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mäkäm esas goýdy. 2019-njy ýylda ýola goýlan Hindistan — Merkezi Aziýa dialogynyň çäklerinde hem ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygymyzyň gerimi giňedi.

Ýetip gelýän 2022-nji ýyl Hindistan we Türkmenistan üçin şanly ýyllaryň birine öwrüler hem-de diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslener. Onuň şu ýyl dabaralandyrylýan taryhy senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň yzysüre bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Geljek ýyl Hindistan üçin hem taryhy ýyllaryň biri bolup, şonda biz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny baýram ederis.

Men Sizi tüýs ýürekden 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana çagyrmak isleýärin. Respublikanyň gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly Güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biziň üçin uly hormat bolar.

Hindistan Merkezi Aziýa hoşniýetli goňşuçylyk nukdaýnazaryndan garaýar hem-de sebit bilen mäkäm we sazlaşykly hyzmatdaşlyga ygrarlydyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Respublikanyň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşmak mümkinçiliginden peýdalanyp, sebitde umumy wehimlere köpçülikleýin çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Hindistan — Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammiti guramagy hem teklip edýärin. Munuň özi biziň gatnaşyklarymyzy täze derejä çykarar.

Men Siziň Alyhezretiňiziň Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hem-de Hindistan — Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Narendra Modi,
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow