Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 18.01.2022
1911

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli Size berk jan saglyk hem-de üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin hem-de Siziň iberen Täze ýyl gutlag hatyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Goý, ýylyň şu ajaýyp günleri halklary dostluk we raýdaşlyk ruhunda birleşdirýän ýagşylygyň, umydyň hem-de täzeligiň baýramy bolsun!

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Rodrigo Roa Duterte,
Filippinler Respublikasynyň Prezidenti.

* * * 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size we Siziň ýakynlaryňyza şatlykly baýramlary hem-de bagtyýar, parahat we üstünlikli täze ýyly arzuw edýärin!

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti
Ýanoş Ader maşgalasy bilen.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn!

Wiktor Orban,
Wengriýa Respublikasynyň 
Premýer-ministri.

* * * 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna täze, 2022-nji ýyl mynasybetli berk jan saglyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Goý, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar täze ýylda mundan beýläk-de pugtalansyn!

Suý Dunýuý,
Birleşen Milletler Guramasynyň
Azyk we oba hojalyk guramasynyň 
Baş direktory.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Size täze, 2022-nji ýyl mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy hem-de iberen Täze ýyl gutlag hatyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna we onuň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, ilatyň hemaýata mätäç gatlagyna kömek bermek hem-de ähli adamlaryň saglygyny we rowaçlygyny pugtalandyrmak wezipesinde berýän yzygiderli goldawyňyz üçin hoşaldyryn.

Soňky iki ýyl biziň hemmämiz üçin örän çylşyrymly boldy. Şunuň bilen baglylykda, täze ýyly şu üç çözgütden başladym:

— 2022-nji ýylyň iýul aýyna çenli her ýurtda ilatyň 70 göterimine sanjym geçirmek üçin hökümetler, COVID-19 waksinasyny öndürijiler hem-de hyzmatdaşlar bilen iş alyp barmaly, sebäbi sanjym işleri hemme ýerde deň derejede geçirilende, pandemiýany aradan aýryp bileris;

— pandemiýa garşy göreşmek Ylalaşygy boýunça gepleşikleri dowam etdirip, saglygy goraýyş babatda ählumumy howpsuzlygy berkitmeli;

— ähli ýurtlara ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegi ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam bermeli.

Şonuň üçin hem 2022-nji ýylda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, sebäbi biz pandemiýany aradan aýyrmagyň hem-de jemgyýetlerimiziň we ýurtlarymyzyň hemmeler üçin has howpsuz, adalatly we sagdyn bolmagy ugrunda işleýäris.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Iň gowy arzuwlar we hoşallyk bilen,
Tedros Gebreýesus,
Bütindünýä Saglygy Goraýyş 
Guramasynyň Baş direktory.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow