Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Çap edildi 20.01.2022
1446

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary wezipesine resmi taýdan girişendigim barada Size habar bermek meniň üçin uly hormatdyr.

Bildiren ynamyňyz üçin Siziň Alyhezretiňize buýsanç we hoşallyk duýgularyny beýan edýärin hem-de YHG-nyň agza ýurtlarynyň hem-de tutuş musulman ymmatynyň bähbidine guramany yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigime ynandyrýaryn. Siziň parasatly maslahatlaryňyzyň bu asylly maksatlara ýetmekde hemişe döredijiligiň çeşmesi bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiziň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wezipeleriniň oňyn çözülmegine ýardam etjek maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine goldaw bermegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Husseýn Ibrahim TAHA,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.


Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow