Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutterişe hat ýollady
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutterişe hat ýollady
Çap edildi 02.03.2022
1563

Siziň Alyhezretiňiz!

1992-nji ýylyň 2-nji marty Birleşen Milletler Guramasyna biziň ýurdumyzyň kabul edilmegini aňladýan, Türkmenistanyň häzirki taryhynda şanly sene bolup durýar.

Geçen 30 ýylda Türkmenistan BMG bilen netijeli we bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy, bu gurama, biziň pikirimizçe, ähli adamzadyň bähbidine hyzmat edýän üýtgewsiz ählumumy gurama bolup galýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biziň döwletimiziň özboluşly halkara hukuk ýagdaýyny dünýä tejribesinde ilkinji gezek tassyklaýan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi örän özboluşly waka bolup durýar. Munuň özi biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň ugurlaryny we mazmunyny kesgitledi, sebitde durnuklylygy üpjün etmäge, içerki ösüşi höweslendirmäge hem-de ykdysadyýetde giň gerimli milli maksatnamalary ýerine ýetirmäge oňyn täsir etdi.

Biziň ysnyşykly hyzmatdaşlygymyz netijesinde, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Bu merkeziň işi BMG-niň taýýarlan syýasy-hukuk usulyny nazara almak hem-de Bitarap Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, syýasy gepleşikleri höweslendirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan dürli ýyllarda BMG-niň belent münberinden energetika howpsuzlygy, ulag hyzmatdaşlygy, ekologiýa we durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de adamzadyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen köp sanly beýleki başlangyçlar ýaly, ählumumy ösüşiň strategik ugurlarynda ençeme teklipleri öňe sürdi. Şu gün bolsa men biziň başlangyçlarymyzy goldandyklary we kabul edendikleri üçin, ähli döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin, şeýle hem netijeli işleri alyp barandyklary üçin BMG-niň Sekretariatynyň ähli işgärlerine hoşallyk sözlerini ýollaýaryn.

Hormatly Baş sekretar!

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin dünýä giňişligindäki işimizde hemişe ileri tutulýan ugur bolar. Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge berk eýerer. Parahatçylygy gorap saklamagyň, pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmegiň, ykdysady, ekologik, ynsanperwer we beýleki ugurlarda maksatnamalary durmuşa geçirmegiň bähbidine syýasy-diplomatik tagallalara işjeň gatnaşar.

Sözümiň ahyrynda Size berk jan saglyk we jogapkärli halkara işiňizde täze uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak we uly sylag bilen,


Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow