Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy
Çap edildi 11.03.2022
1908

2022-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow ýurdumyza halkara synçy hökmünde gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Muharrem Akkaýa we Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň agzasy Ali Ürker bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek barada merkezi toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy dostlukly döwletiň wekillerini halkara synçy hökmünde Türkmenistanda görýändigine şatdygyny mälim edip, olary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda boljak saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça amala aşyrylan tapgyrlaýyn işler hem-de saýlaw kanunçylygynyň düzgünleri bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda doganlyk döwletimiz bolan Türkiýe Respublikasynyň Ýokary saýlaw geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna 12-nji martda boljak möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräniň guramaçylykly geçirilmegini arzuw etdiler.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow