Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 15.03.2022
1112

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen jemlerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda milli Liderimiz döwlet işini mundan beýläk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde işjeň dowam etjekdigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz özbek dostuna we kärdeşine netijeli döwletara gatnaşyklaryň hem-de ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Özbegistanyň Prezidenti, öz nobatynda, milli Liderimizi giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilen hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn demokratik özgertmeler ugruna ygrarlydygyny ýene bir gezek görkezen, nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Şawkat Mirziýoýew türkmen Lideriniň ýurdy ösdürmekde hem-de onuň halkara abraýyny belende götermekde ägirt uly goşandyny belläp, döwlet dolandyryşyna, oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän ýaş ýolbaşçylary giňden çekmek baradaky öňdengörüjilikli çözgüdini goldady hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barjak geljekki işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, iki doganlyk halkyň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň birek-birege ynanyşmak we özara düşünişmek derejesiniň ýokarydygyny kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda köpugurly, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge gönüden-göni ýardam berýän ynanyşmak, hormat goýmak hem-de özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Milli Liderimiz Özbegistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň saýlanan Prezidentine geçirdi.

Özbegistanyň Prezidenti saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanan türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny tüýs ýürekden gutlap, oňa bu jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy mynasybetli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Prezidentiniň başlan syýasy ugruny dowam etdirjekdigini, hususan-da, ikitaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumyny giňeltmek, iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine täze taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, dostlukly Özbegistanyň Baştutanyna berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk döwletiň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow