Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 15.03.2022
837

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Täjik Lideri döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine nobatdan daşary saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şu syýasy çäre türkmenistanlylaryň agzybirligini, jebisligini hem-de raýatlyk borçlaryna ygrarlydygyny görkezdi.

Täjigistanyň Baştutany Emomali Rahmon milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerendigini hem-de halkara abraýynyň has-da belende galandygyny belledi. Aşgabat iri halkara duşuşyklaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bellenilişi ýaly, Täjigistan türkmen Lideriniň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny hemişe goldaýar hem-de doganlyk halkyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin täjik kärdeşine minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlawlaryň jemleri boýunça Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýip yglan edendigini kanagatlanma bilen belledi hem-de mundan beýläk özüniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmona iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly goşandy, şeýle hem bilelikdäki netijeli işi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täjik Lideri hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Täjigistanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady, bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Söhbetdeşligiň barşynda uzak ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki netijeli işleriň yzygiderli geçirilendigi bellenildi we Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň geljekde-de iki dostlukly halkyň bähbidine ösdüriljekdigine hem-de berkidiljekdigine ynam bildirildi.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berdi.

Täjigistanyň Baştutany öz täze kärdeşi bilen gadyrly salamlaşyp, ony Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny dowam etmäge, bu gatnaşyklary giňeltmek we ösdürmek boýunça tekliplerini hem-de başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki halky gadymdan bäri baglanyşdyrýan dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirildi.

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hoşlaşanlarynda birek-birege berk jan saglyk, üstünlikler, türkmen hem-de täjik halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow