Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hat
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hat
Çap edildi 15.03.2022
606

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny ýurduňyzda Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlamak mende ägirt uly kanagatlanma döredýär.

Saýlawlaryň netijeleri Siziň halkyň jebisligini pugtalandyrmak, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, Watany ösdürmek hem-de raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça seçip alan ýoluňyzyň halkyňyz tarapyndan doly goldanylýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Gürrüňsiz, geçen ýyllaryň dowamynda Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanda parahatçylyk, durnuklylyk we milletara ylalaşyklylyk, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýynyň yzygiderli artmagy üpjün edildi. Uzak möhletli özbek-türkmen dostlugynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berk binýady goýuldy.

Biziň berk syýasy erk-islegimiz hem-de bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykaryldy.

Biziň hyzmatdaşlygymyzyň özara hormat-sarpa goýmak ruhunda doganlyk halklarymyzyň rowaçlylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigi şübhesizdir.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Biziň aramyzda ýola goýlan hakyky dostluk gatnaşyklaryna çäksiz sarpa goýýandygymy aýratyn kanagatlanma bilen bellemek isleýärin we täze duşuşyklarymyza hemişe şat bolaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz, Size we Siziň ýakynlaryňyzyň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asylly işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, durnukly ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow