Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 25.03.2022
2076

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de Halkara Nowruz gününiň dabaralary bilen gutlady. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa jogapkärli wezipede alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramanyň başlygyny ýene-de bir gezek görmäge şatdygyny aýdyp, gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny we şeýle gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde kabul edildi. Munuň doganlyk türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary köp ugurlar boýunça okgunly ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu guramanyň alyp barýan işlerine, şol sanda Ýaşulular geňeşine işjeň we netijeli gatnaşmagyny möhüm ugur hökmünde kesgitländigini belledi.

Şeýle hem duşuşykda ýurdumyzyň türki dilli ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmäge we bu babatda hereket edýän degişli düzümleriň işine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym wagt tapyp kabul edendigi we netijeli gepleşikleri üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de oňa ýene bir gezek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
top-arrow