Baş sahypa
\
Sport
\
Döwlet Baştutanymyz Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy
Sport
Döwlet Baştutanymyz Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy
Çap edildi 10.05.2022
7472

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi hem-de ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentini saýlamak bilen bagly meselä garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine biragyzdan saýlanyldy.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde milli sportumyz hil taýdan täze derejelere çykdy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sport ýurdy, sebit we halkara derejeli uly ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan öňdengörüjilikli strategiýasynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary üstünlikleriň sporty bilen bir hatarda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi täzeden badalga aldy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek hem-de hemmetaraplaýyn goldamak, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenler, olaryň tälimçileri, beýleki degişli hünärmenler üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. Şunda bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de özara peýdaly tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejelerinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär we goldanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň adamlary umumadamzat gymmatlyklarynyň daşyna jebisleşdirmäge, dünýäde parahatçylygy, halklaryň we ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän sport diplomatiýasynyň üstünliginiň aýdyň subutnamasydyr.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, “Amul — Hazar” halkara awtorallisi hem-de 2018-nji ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ata Watanymyzyň sportda ýeten belent sepgitleriniň görkezijileridir.

Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. 2021-nji ýylda milli sportumyzyň taryhynda ýene-de bir täze, şöhratly sahypa açyldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça kümüş medaly gazanmagy başardy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalydyr. Bu üstünlik türkmen türgenlerini öz ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmäge we abraýly halkara ýaryşlarda täze ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem-de XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça Guramaçylyk toparynyň döredilendigi we onuň düzüminiň tassyklanandygy bellenildi. Häzir türgenlerimiz Olimpiýa şäherçesiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport desgalarynda okuw-türgenleşik işlerini geçýärler. Ýurdumyzyň türgenlerini beýleki iri ýaryşlara taýýarlamak işleri hem dowam edýär.

Şulardan ugur alnyp, milli sportuň hem-de Halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, dünýäde Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrmaga goşan saldamly goşandyny nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentligine saýlanyldy.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk meselelerine seredildi.

Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de milli sportumyza berýän hemmetaraplaýyn goldawy, türkmen türgenleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow