Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy dünýä metbugatynda
Teswirlemeler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy dünýä metbugatynda
Çap edildi 03.07.2022
1818

29-njy iýunda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda üstünlikli geçirilen altynjy Hazar sammiti 2022-nji ýylyň esasy syýasy wakalarynyň biri boldy. Geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm orny eýeleýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygy dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.

20 ýyldan soňra Aşgabatda ýene-de geçirilen sammit maslahatlaşmaga teklip edilen meseleleriň hem-de iň ýokary derejedäki köptaraplaýyn gepleşikleriň syýasy taýdan wajyplygy nazara alnyp, entek öz işine başlamanka, žurnalistler tarapyndan dünýä derejesinde ähmiýetli wakalaryň hataryna girizildi. Iri halkara habarlar agentlikleri, maglumat-seljeriş portallary, teleýaýlymlar we köp sanly internet serişdeleri bu forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary beýan etdiler, sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň çykyşlaryny, olaryň öňe süren tekliplerini, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini teswirlediler.

Türkmen paýtagtynda geçirilen sammit baradaky habary ilkinjiler bolup, Russiýanyň “TASS” we “PИA Новости”, Türkiýäniň “Anadolu”, Eýranyň “IRNA”, “Mehrnews” habarlar agentlikleri, “BRICS” ýurtlarynyň “TV BRICS” halkara media ulgamy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirilen forumyň ýokary derejesini nygtadylar.

Altynjy Hazar sammitiniň gün tertibine girizilen möhüm meseleler köp sanly daşary ýurt neşirleriniň üns merkezinde boldy. Russiýanyň vesti.ru elektron gazeti Hazarýaka döwletleriň Liderleriniň ýakynlaşmak, ilkinji nobatda, senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda ýakynlaşmak barada ylalaşandyklaryny habar berdi. Şunda bäş ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de Hazar deňzindäki adatdan daşary ýagdaýlara, adamlaryň ýaşaýşyna we abadançylygyna ýaramaz täsir edýän tebigy hem-de tehnogen hadysalara garşy durmakda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.

Russiýanyň “TASS” döwlet federal habarlar agentligi öz sahypalarynda forumda deňziň ekoulgamyny gorap saklamak boýunça has netijeli işleri geçirmek üçin degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmek işini çaltlandyrmagyň möhümdiginiň nygtalandygyny beýan etdi.

Italiýanyň “Agenparl” metbugat agentligi Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Hazar deňzinde dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle-de Hazarýaka ýurtlaryň Baştutanlarynyň öňki duşuşyklarynda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşýandyklaryny habar berdi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen işleriň netijesinde, ähli isleg bildirenler üçin forumyň işi baradaky maglumatlary açyk görnüşde almaga mümkinçilik döredildi. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly gatnaşyjylaryň hemmesiniň çykyşlary birnäçe daşary ýurt teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezildi.

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri foto we wideo reportažlaryny wakanyň geçýän ýerinde taýýarladylar. Köp sanly žurnalistleriň netijeli işlemegi üçin “Arçabil” myhmanhanasynda döwrebap kompýuterlerdir tehnikalar, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen giň metbugat zaly berildi.

Dünýä metbugaty Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini bütin aýdyňlygy bilen görkezendigini belledi. Bu döredijilikli hem-de oňyn garaýyşlar döwlet Baştutanlarynyň açyklyk, dostluk ýagdaýynda geçen duşuşyklarynda, sammitiň jemlerinde we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklarda öz beýanyny tapdy.

Metbugatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşyna, şeýle-de ileri tutulýan ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tekliplerine uly üns berilmegi tötänden däldir. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşyndan bölekler tutuş dünýäde millionlarça okyjysy bolan esasy habarlar agentlikleriniň sahypalarynda, meşhur internet saýtlarynda çap edildi.

Türkmenistanyň häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň kesgitleýji şerti hökmünde çykyş edýän ulag we energetika ulgamlarynda Hazarýaka döwletleriň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezendigi nygtaldy. “Ilkinji nobatda, gürrüň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini gurmak barada barýar. Munuň özi Sankt-Peterburgdan Eýranyň we Hindistanyň portlaryna çenli baryp ýetýän, uzynlygy 7200 kilometr bolan ulag geçelgesiniň ägirt uly taslamasydyr” diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bellediler. Geçen ýyl güýje giren Hazarýaka döwletleriniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bu ulag geçelgesiniň ýakyn wagtda işe girizilmegine ýardam bermelidir. Ol Hazar deňzi sebitini iri logistik merkeze öwürmäge gönükdirilendir.

Metbugat sahypalarynda Tähranda, Bakuwda, Astrahanda we Aktauda geçirilen sammitleriň sebitde özara gatnaşyklaryň kemala gelmegine saldamly goşant goşan bäş ýurduň bilelikdäki işlerine kuwwatly itergi berendigi aýdylýar. “Şunuň bilen birlikde, Hazarda ulag, balyk awlamak, gämiçilik, biologik serişdeleri aýawly saklamak, ekologik howpsuzlyk, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak ulgamlarynda, beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça pudaklaýyn ylalaşyklaryň ençemesiniň üstünde işlenildi we bu iş dowam etdirilýär. Bularyň ählisi häzirki wagtda biziň gatnaşyklarymyzyň hil taýdan anyk häsiýete eýe bolmagyna, maksadalaýyk, yzygiderli, netijeli ösmegine ýardam etdi. Biz netijeli we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary alyp barýarys. Ol Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny — syýasy, ykdysady, söwda, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklary öz içine alýar” diýip, döwlet Baştutanymyz sammitdäki çykyşynda nygtady.

Meşhur elektron neşirler Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňzi sebitinde berk, uzak möhletli hem-de bitewi howpsuzlygyň üpjün edilmegini bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagynyň baş şerti we esasy wezipesi hökmünde kesgitländigini ýazdylar.

“Hazar sebitiniň parahatçylyk we ösüş üçin howplardan azat bolan durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikdäki tagallalar edilmelidir” diýip, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri öz sahypalarynda döwlet Baştutanymyzyň sözlerini getirdiler.

Iri sebit neşirleri milli habarlar agentlikleriniň maglumatlaryna salgylanmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn nygtandyklaryny habar berdiler. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Hazarýaka ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsirini belläp, özara gatnaşyklaryň özboluşly köpýyllyk tejribesiniň medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini beýan etdiler.

“МИР” döwletara teleradiokompaniýasynyň meşhur serişdeleri — “МИР 24” teleýaýlymy hem-de maglumat-seljeriş internet portaly, sng. today, centralasia.news saýtlary Aşgabat sammitiniň işi, onda beýan edilen teklipler hem-de forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada giňişleýin maglumatlary berdiler.

Daşary ýurt media serişdeleriniň wekilleriniň habar bermeklerine görä, Türkmenistanyň Prezidenti forumda daşary işler ministrleriniň derejesindäki hyzmatdaşlygy giňeltmek, telekeçiligiň öňünden zerur bolmadyk, könelişen päsgelçilikleri aýyrmak, Hazarýaka ýurtlaryň maksatlaýyn işewürlik forumlaryny ýola goýmak, degişli döwletleriň işewürlik hyzmatdaşlygynyň Geňeşini döretmek, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak, sebitde syýahatçylyk pudagyny, şol sanda gämide gezelençler arkaly syýahatçylygy ösdürmek babatda möhüm başlangyçlary öňe sürdi.

Azerbaýjanyň “Report” habarlar agentligi hem öz okyjylaryny Aşgabatdaky wakalar bilen dessin tanyşdyryp, forumyň dostlukly döwletleriň özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, ygtybarly hem-de howpsuz aragatnaşyk ulgamyny döretmek, ýokary düşewüntli, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak Hazarýaka döwletleriň esasy ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça bilelikdäki işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek hakynda Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň bu ugurda garaýyşlary anyk kesgitlenendir: ähli ykdysady we önümçilik işleri deňziň ekologik howpsuzlygyna hem-de tebigaty goraýyş ulgamyndaky ykrar edilen dünýä ölçeglerine laýyk gelmelidir.

“Türkmenistan eýýäm Hazaryň baý tebigy serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek pikiri bilen çykyş etdi. Biz şu mesele boýunça işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyrys hem-de Hazarýaka ýurtlaryň hemmetaraplaýyn goldawyna umyt edýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

“Eýran-türkmen gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürilýär” diýip, “IRNA” habarlar agentligi öz sahypalarynda ýazýar.

Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermeklerine görä, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew häzirki wagtda, däp bolan logistik zynjyrlaryň bozulýan ýagdaýynda Ýewropany, Merkezi Aziýany we Hytaýy birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriň ösdürilmegi üçin Hazarüsti halkara ugruň ornunyň has-da artýandygyny belledi.

“Euronews” habarlar teleýaýlymy bäş ýurduň Liderleriniň jemleýji Beýanaty kabul edendiklerini we onda sebitiň serişdelerini Hazarýaka ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda, parahatçylykly maksatlarda ulanjakdyklary barada aýdylýandygyny habar berdi.

“Türkmenistan umumyhazar gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, bu işe mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga, ähli meselelere gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça ylalaşykly çözgütleri tapmaga taýýardyr. Biziň ýapyk ýa-da oňaýsyz meselelerimiz ýokdur, biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde geljekki ylalaşyklary gazanmaga, Hazar gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça özara gatnaşyklara taýýardyrys” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

“Biziň duşuşyklarymyzyň hoşniýetlilik, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçýändigini aýratyn nygtasym gelýär. Hazarýaka döwletleriň sammitleri sebit we dünýä syýasatynyň anyk hem-de täsirli şertine öwrüldi, olaryň diňe bir gatnaşyjylar üçin däl, eýsem, beýleki ýurtlar üçin hem wajypdygy äşgärdir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýdan sözleri ählumumy maglumat torundaky köp sanly teswirlerde getirildi.

Şeýlelikde, ýokary derejede geçirilen altynjy Hazar sammiti bar bolan meseleleri we bilelikdäki kuwwaty netijeli peýdalanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm çäre boldy hem-de Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berdi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow