Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň kepilidir
Teswirlemeler
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň kepilidir
Çap edildi 11.07.2022
2196

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 11-nji iýul — 26-njy awgust aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.

Bu möhüm çäräni talabalaýyk guramak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugy esasynda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bolsa degişli iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda giriş synaglarynyň geçirilmegine jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de geljekki talyplara üstünlik arzuw etdi. Işiň şeýle tertipde ýola goýulmagy giriş synaglarynyň geçirilişine gözegçiligi, ýokary okuw mekdeplerine has zehinli ýetginjekleriň we gyzlaryň kabul edilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Okuwa kabul etmek çäresi başlanmazdan ozal, ýaşlary giňden habardar etmek işleri geçirildi. Şunda ýaş nesliň häzirki zaman bilimlerini ele almaga we Watanymyzyň intellektual hem-de ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna öz goşantlaryny goşmaga gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Mekdepleri tamamlanlar üçin ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmegiň tertibi, olarda talyplara döwrebap bilim bermek ugrunda alnyp barylýan işler barada ýörite telegepleşikler guraldy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli makalalar çap edildi, “Açyk gapylar” günleri geçirildi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman biliminiň hem-de öňdebaryjy ylmyň möhüm merkezleridir. Muňa ýaş alymlaryňdyr talyp ýaşlaryň ylmy işleriniň we innowasion işläp taýýarlamalarynyň bäsleşikleriniň jemleri hem şaýatlyk edýär. Ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik barlaglary döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmeginde wajyp ähmiýete eýedir.

Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň hem üstünlikleridir. Türkmenistanyň ýaş raýatlaryna döwrebap bilim almak, geljekki hünärini saýlamak, öz zehinlerini we başarnyklaryny doly açyp görkezmek, öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly, şol sanda kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilen, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylan häzirki zaman okuw mekdepleriniň giň ulgamyny döretmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat şeýle asylly maksatlaryň hasyl bolmagyna ýardam edýär.

Biziň zamanamyz görlüp-eşidilmedik ylmy-tehniki ösüşiň döwrüdir, ol bilimiň derejesiniň we hiliniň, tehnologiýalaryň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüşi bilen şertlendirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýokary derejeli, hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça öňde durýan wajyp wezipeler barada aýtmak bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda gämileri gurmak üçin ähli şertleriň döredilendigini belläp, gämi gurluşygyny tapgyrlaýyn esasda ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli ugurdaş hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň hem-de bu ulgamyň işgärler üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz halk hojalygyny ösdürmekde ylma esaslanýan tehnologiýalaryň zerurdygyny nazara almak bilen, innowasiýalary, öňdebaryjy usullary hem-de işläp taýýarlamalary işe giňden ornaşdyrmak üçin degişli ýolbaşçylaryň öňünde goýlan anyk wezipeleriň hatarynda Ylymlar akademiýasynyň möhüm ylmy barlaglary hem-de işläp taýýarlamalary dowam etmelidigini nygtady. Ylmy gözlegleriň we açyşlaryň yzygiderli höweslendirilmeginiň, önümçilik işlerine iň täze tehnologiýalaryň, dünýä tejribesiniň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýetiniň, bilim-ylym ulgamlarynyň arasyndaky baglanyşdyryjy halka bolan intellektual diplomatiýadyr. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz milli bilimiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek, umuman, bilimlere esaslanýan jemgyýeti gurmak üçin zerur bolan baý tejribe toplaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alty aýyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda olary bilimiň hil görkezijileri babatda dünýäde meşhur okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça zerur işleriň geçirilmegine ünsi çekendigini bellemek gerek.

Türkmenistan milli ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, ýurdumyzyň senagatyny okgunly ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegini ugur edinmek bilen, dürli ulgamlarda ýokary derejeli işgärleri taýýarlamagyň depginleriniň we hiliniň tizleşdirilmegini maksat edinýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri ýaş hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin daşary ýurt okuw merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Çünki ýaşlaryň bilimleri öňdebaryjy önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen giň gerimli, öňdengörüjilikli ösüş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin zerurdyr.

Türkmenistanda alnyp barylýan “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny, okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Ýaş raýatlarymyzyň ele alýan döwrebap bilimleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda giňden peýdalanylmalydyr, bu pudaklarda häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär.

Mugallymlaryň özleri hem hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar, olar iň täze bilim usulyýetlerini, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýärler. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklar giňeldilýär. Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Amerika yklymlarynyň meşhur ylym we bilim merkezleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak bilen, halkara ylmy barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky alyş-çalyşmalara hem-de akademiki maglumat torlarynyň ösdürilmegine giňden gatnaşýar. Zerur ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen baglaşylan halkara şertnamalar esasynda biziň ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim alýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýaşlarymyzyň hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyna aýratyn ähmiýet bermegiň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara, iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan, diplom bermek barada teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi, ýaşlaryň aň-paýhas mümkinçilikleriniň doly açylmagy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işler hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda üstünlikli durmuşa geçirýän durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Şeýlelikde, döwrüň täze ýagdaýlaryny, üçünji müňýyllykda halkymyzyň öňünde durýan ägirt uly wezipeleri nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan bilim syýasatynyň Watanymyzyň mundan beýläk-de täze belentliklere tarap öňe gitmegi üçin ygtybarly işgärler binýadynyň döredilmegine gönükdirilendigini ynam bilen aýtmak bolar.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow